Indiana ştatyndan Mark Sukerberg, Meta kompaniýasynyň baş direktory Mark Sukerberge garşy iş gozgamak barada arza berdi, diýip Tengri Life TechCrunch-a salgylanyp habar berdi.
Aýdylyşyna görä, Meta ýolbaşçysynyň familiýadaşy bolan adam hukukçy bolup, hyzmatlaryny Facebook arkaly mahabatlandyrýar. Emma soňky sekiz ýylyň içinde onuň akkaundy bäş gezek ýapyldy: moderasiýa algoritmleri sahypany meşhur milliarderiň galp sahypasy diýip hasap edipdir.
"Bu gülkünç däl, esasan hem, olar meniň pulymy özüne alan wagty. Bu hakykatdanam, meniň gaharymy getirdi", — diýip, Indianapolis şäherindäki 13WTHR teleýaýlymyna hukukçy gürrüň berdi.
Media maglumatlaryna görä, hukukçy Facebook-da hyzmatlaryny mahabatlandyrmak üçin 11 müň dollardan gowrak sarp edipdir. Sahypasy bloga düşürilenden soň hem mahabat hyzmatlary üçin tölegler dowam edipdir.
Hukukçynyň gürrüň bermegine görä, meşhur familiýasy uzak wagtdan bäri meseleleriň çeşmesine öwrüldi. Ol hatda onuň “Mark Sukerberg” adynyň ýaşaýşyna nähili täsir edendigini gürrüň berýän web sahypany döretdi.
"Men iş alyp baramda ýa-da restoranda stollary öňünden sargyt edemde adymy ulanyp bilemok. Adamlar muňa oýun diýip pikir edýär we telefony goýýarlar", — diýip ol paýlaşdy.
Käwagt düşünmezlikler saparlarda-da bolup geçýär. Mysal üçin, Las-Wegasda geçirilen umumy sapaga baranda ony “Mark Sukerberg” ýazylan ýazgy bilen limuzin sürüjisi garşy aldy — bu bolsa tomaşaçylaryň arasynda bulaşyklyk döretdi.
"Eskalatoryň düşülýän ýerinde başga bir Sukerberge garaşýan adamlar topary ýygnandy", — diýip hukukçy ýatlaýar.
Onuň aýtmagyna görä, ol yzygiderli jaň alýar ýa-da hat alýar, adamlar ony Meta esaslandyryjysy bilen çalyşýarlar: haýbat bilen ýa-da pul talap edip. Emma ol meşhur familiýadaşyna erbet zat islänok we hatda geljekde maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolsa, onuň hukuk meselelerinde kömek etmäge taýýardygyny aýdýar.
ORIENT
