Iň täze habarlar

Türkmenistan we Italiýa ýokary derejeli sapara we taryhy sergä taýýarlanýar

04.09.2025 | 23:45 |
 Türkmenistan we Italiýa ýokary derejeli sapara we taryhy sergä taýýarlanýar

Türkmenistan we Italiýa iki möhüm çärä taýýarlyk görüp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeň öňe ilerledýär. Türkmenistanyň Rimdäki Ilçisi Toýli Kömekowyň Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çiriýelliniň duşuşygy döwlet saparyny we uly göwrümli arheologiki sergini guramak meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde nobatdaky ädim boldy.

Gepleşigiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagy, şeýle hem hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga ýardam berjek medeni-ynsanperwer ugurdaky dialogy ara alyp maslahatlaşdylar.

“Türkmenistanyň gymmatlyklary”: Rimdäki sergi

Rimiň meşhur Kapitoliý muzeýinde açyljak özboluşly artefaktlaryň sergisiniň taýýarlygyna aýratyn üns berildi. Sergide Gadymy Merwiň we Nusaýyň gadymy siwilizasiýalarynyň çäginde tapylan bahasyna ýetip bolmajak tapyndylary köpçülige hödürlener. Sergi, köp ýyl bäri Türkmenistanyň baý mirasyny dünýä açyp görkezýän bilelikdki türkmen-italýan arheologik ekspedisiýalary mahalynda tapylan artefaktlar eskpozisiýalaryň gymmatyny has-da artdyrar. Bu sergi köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň esasy pursady bolar şeýle hem biziň ozal habar berşimiz ýaly ýylyň iň möhüm medeni wakalarynyň biri boljakdygyny wada berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa saparyny guramak

Duşuşygyň ýene bir möhüm temasy Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa saparyny guramak meselelesi boldy. Şu ýyl meýilleşdirilýän bu sapar ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze güýçli itergi berjek möhüm waka hökmünde garalýar. Diplomatlar muňa taýynlyk görmegiň çäklerinde, degişli gulluklaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda birnäçe çäreleri geçirmek barada ylalaşdylarboldular. Bu habar ozal çap eden maglumatlarymyzy tassyklaýar.

Öňde boljak wakalar, iki ýurduň halklarynyň bähbide özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açyp, Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň barha artýan ähmiýetiniň aýdyň tassyklanmasy bolar.

ORIENT

Foto: agenzianova.com

Şeýle hem okaň: