Aşgabatda okuwçylar üçin ýol hereketiniň düzgünleri boýunça amaly-tejribe okuwy gurnaldy
05.09.2025 | 19:25 |“Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde amaly-tejribe okuwy guraldy. Galjaň we ýörite gulluklaryň ýörite duýdurmalary ulanýan awtoulaglarynyň ýol hereketinde gatnawy we wezipeleri bilen tanyşdyrmak boýunça geçirilen bu okuwa paýtagtymyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 7-8-nji synp okuwçylaryň 80-e golaýy gatnaşdy.
Amaly-tejribe okuwyň dowamynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň wekili tarapyndan ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde okuwçylaryň borçlary, galjaň we ýörite gulluklaryň ýörite duýdurmalary ulanýan awtoulaglaryna köçede gabat gelnende, raýatlaryň berjaý etmeli borçlary barada gürrüň berildi. Şeýle hem galjaň we ýörite gulluklaryň hünärmenleri öz gulluklary tarapyndan ulanylýan awtoulaglaryň ýol hereketindäki gatnawy, özboluşly aýratynlyklary barada mekdep okuwçylaryna giňişleýin düşündirdiler. Ýörite duýdurmalary ulanýan awtoulaglarda bar bolan enjamlaryň ulanylyşynyň mekdep okuwçylaryna tejribe usulynda görkezilmegi çäräniň gyzykly pursatlarynyň birine öwrüldi.
“Okuw mende uly täsir galdyrdy. Esasanam ýangyn söndüriji ulag baradaky gürrüňler gyzykly boldy. Bu uly we güýçli ulagyň sazlaşykly işleýiş ulgamy bar. Meniň arzuwym – geljekde ýangyn söndüriji bolmak” – diýip, Aşgabat şäheriniň 66-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Yslam Geldimyradow öz duýgularyny paýlaşdy.
Bu amaly-tejribe okuwy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şeýle hem “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramaklarynda geçirildi.
“Bu biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň her bir künjeginde guralýan özboluşly çärelerde ýol hereketiniň düzgünleri, pyýadanyň we sürüjiniň wezipeleri barada nygtalyp geçilmegi ösüp gelýän ýaşlar üçin edilýän tagallaryň biri bolup durýar. Bu amaly-tejribe okuwy mekdep okuwçylaryna ýol hereketiniň howpsuzlyk talaplaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini düşündirmek üçin ähmiýetli meýdança öwrüldi” – diýip, “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň hünärmeni Dünýä Sadykowa gürrüň berdi.
Amaly-tejribe okuwyň ahyrynda oňa gatnaşan ýaşlara guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşurylyp, okuwlarynda üstünlik gazanmaklary, ýurdumyzyň abadan bolmagy arzuw edildi.
ORIENT news