“Türkmenistanyň maýa goýum forumy – 2025” Awazada geçiriler
04.09.2025 | 03:05 |“Türkmenistanyň maýa goýum forumy – 2025” (TIF 2025) guramaçylyk komiteti çäräniň geçiriljek ýeriniň üýtgedilendigini habar berdi. Ýylyň uly göwrümli ykdysady çäresi öň meýilleşdirilişi ýaly Aşgabatda däl-de, Hazar deňziniň türkmen kenarynda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Forum 18-19-njy sentýabr aralygynda geçiriler we we onuň täze geçiriljek ýeri işewür söhbetdeşlik üçin has ylham beriji häsiýete eýe boljakdygyny wada berýär.
Geçiriljek meýdançanyň üýtgedilmegi – bu Türkmenistanyň öňdebaryjy maýadarlaryň, işewür -liderleriň we bilermenleriň arasynda netijeli dialog üçin amatly şertleri döretmek islegini görkezýän strategiki çözgütdir. Awazanyň saýlanmagy tötänleýin däl: bu ýerde amatly we ajaýyp şertlerde baý maksatnamany resmi däl söhbetdeşlik üçin mümkinçilikler bilen sazlaşdyrmaga mümkinçilik berýän ýokary depginde ösýän syýahatçylyk we işewürlik merkezidir.
“Döwrebap infrastruktura we dynç alyş zolagynyň amatlylygy wekilýetleriň netijeli işi üçin amatly şertleri döredýär” – diýip, guramaçylyk komitetinde bellenildi.
TIF 2025 gatnaşyjylaryna amatly bolar ýaly, guramaçylyk komiteti Awazada mümkin boldugyça has amatly şertleri döretjek birnäçe logistitki çözgütleri göz öňünde tutdy:
• Ýörite howa gatnawlar: 17-nji sentýabrda we 19-njy sentýabrda yzyna Aşgabat - Türkmenbaşy (Awaza) ugry boýunça wekiliýetler üçin ýörite howa gatnawlary guralar.
• Ýer üsti gatnawlar: Amatly, rahat awtobuslar howa menzili, myhmanhanalaryň we forumyň geçiriljek ýeriniň arasynda gatnawlary üpjün eder.
• Ýaşajak ýerleri: Gatnaşykjylar “Berkarar” we “Hazyna” ýaly “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän öňdebaryjy myhmanhanalarda ýerleşdiriler. Guramaçylaryň belleýşi ýaly, ýörüte gatnawlarda ýerleriň sanynyň çäklidir we bronlar tassyklanan gatnaşyjylar üçin amala aşyrylýar.
TIF 2025 forumy barada
“Turkmen Congress” bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnalýan “Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2025” ykdysady ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy meýdança bolup durýar.
Bu waka, maýa goýumlary üçin täze mümkinçilikleri açmak we Türkmenistanyň dünýä giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ornuny berkitmäge hyzmat eder.
Foruma gatnaşmak üçin hasaba alyş möhleti 2025-nji ýylyň 10-njy sentýabryna çenli uzaldyldy. Şu salgy arkaly ýazylyp bilersiňiz
Goşmaça maglumatlar üçin belgiler: • contact@turkmencongress.com • +993 71 87 18 14