Iň täze habarlar

Serdar Berdimuhamedow Týanszinde ŞHG-niň çärelerine gatnaşýar

31.08.2025 | 20:00 |
 Serdar Berdimuhamedow Týanszinde ŞHG-niň çärelerine gatnaşýar

Şu gün, 31-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow HHR-niň Týanszin şäheriniň Halkara howa menziline bardy. Türkmenistanyň Prezidenti 31-nji awgust 1-nji senýabr aralygynda geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşýar.

Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň liderleri Hytaýyň demirgazygyndaky port şäheri Týanszine ŞHG-niň taryhyndaky iň uly sammitine ýygnandylar, bu ýerde bileleşigiň geljek on ýyly üçin ösüş meýilnamasy beýan ediler. Esasy meseleler boýunça ŞHG-niň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we guramanyň işini kämilleşdirmek boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýekşenbe güni Serdar Berdimuhamedow Týanszindäki “Meýszýan” kongressler merkezinde ŞHG-niň sammitiniň resmi däl çärelerine gatnaşdy.

Şeýle hem çärä HHR-iň Başlygy Si Szinpin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi, Pakistanyň Premýer-ministri Şehbaz Şarif, Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Müsüriň, Kombojanyň, Nepalyň, Ermenistanyň Hökümet ýolbaşçysylary şeýle hem BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş gatnaşdy diýip, CCTV habar berýär.

Daşary ýurt Liderlerine, ŞHG-niň Týanszindäki sammitine bagyşlanan dürli öwüşgünli konsert maksatnamasy hödürlendi.

ŞHG-niň sammitine gatnaşanlaryndan soň, Prezident Berdimuhamedow 3-nji sentýabrda Ikinji jahan urşunda gazanylan Ýeňişiň 80 ýyllygynyň baýramçylyk dabarasyna gatnaşmak üçin Pekine ugrar.

ORIENT

Foto: cctv.com

Şeýle hem okaň: