Iň täze habarlar

Özbegistan we Gazagystan göni demir ýol gatnawyny açdylar

02.09.2025 | 19:07 |
 Özbegistan we Gazagystan göni demir ýol gatnawyny açdylar

“Uztemirýulkonteýner” döwlet kompaniýasy täze logistiki ugrunyň ýola goýlandygy barada habar berip, Özbegistanyň paýtagtyndan Hytaý bilen serhediň golaýynda ýerleşen Altynköl gazak stansiýasyna ilkinji konteýner blok-otlusyny ugratdy.

Bu ädim ozaldan Merkezi Aziýada ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen döwletara ylalaşyklarynyň amaly taýdan durmuşa geçirilmegi bolup durýar.

Munuň öňüsyrasynda Daşkentden ýygnalan ýükleriň geçirilmegi üçin niýetlenen 57 sany fiting platformalaryndan düzülen düzüm ugradyldy. Serhet aýlawyna çenli umumy uzynlygy 1300 km bolan bu ugur Horgos atly iri logistik merkeziniň bir bölegi bolup, takmynan iki gije-gündiziň dowamynda geçilmegini göz öňünde tutýar. Bu geçelgäniň ýola goýulmagy “Kendentransserwis” gazak operatory bilen hyzmatdaşlygynyň netijesinde mümkin boldy.

Taslamanyň binýady hökmünde “Uztemirýulkonteýner” bilen “Kendentransserwis”-iň arasynda şu ýylyň fewral aýynda gol çekilen Hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama hyzmat etdi. Operator derejesindäki gepleşikleriň öňüsyrasynda “Uzbekiston temir ýullary” we “Kazakstan temir žoly” milli kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Resminama taraplaryň ulag-ekspeditor hyzmatlar babatda bilelikdäki işi pugtalandyrmaga we konteýner blok-oltular üçin täze ugurlary döretmäge bolan islegini berkitdi.

Ylalaşygyň möhüm ykdysady nukdaýnazary gazak tarapynyň ýerine ýetirilmeginde Daşkende yzyna barýan wagonlaryň ýüklenilmegini üpjün etmek baradaky razylyşygy bolup durýar. Işiň şeýle görnüşi täze ugur boýunça ýük daşamalarynyň girdejililigini we netijeliligini ep-esli derejede ýokarlandyryp, wagonlaryň ýüksüz geçmegini aradan aýyrmaga ýardam eder.

Bu başlangyç sebitde ulag geçelgeleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagy we ösdürilmegi boýunça has giň strategiýasynyň böegidir. Şeýlelikde, şu ýylyň mart aýynda Özbegistanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň ulag edaralary Hindistandan Gazagystana ilkinji konteýner otlusyny ugradyp, bilelikdäki taslamany amala aşyrdylar.

Deňiz we demir ýol böleklerini öz içine alan şol multimodal ugry takmynan 5,9 müň km uzady. Ol Hindistanyň Mundra portyndan Eýranyň Bandar-Abbas şäherinden geçip, Astana çenli 25 güne golaý ortaça wagt bilen ýetdi. Serhetleriň dürli taraplarynda ýerleşýän Altynköl we Hytaýyň Horgos stansiýalary demir ýol koleýasynyň dürli giňligini ulanýarlar.

Gazagystanda we GDA ýurtlarynda ol 1520 mm bolsa, Hytaýda we Ýewropada – 1435 mm deňdir. Bu sebäpli hem serhet geçeldege otly düzümleri diňe bir barlagdan geçmän, eýsem konteýnerleriň bir platformadan beýlekä täzeden ýüklenilmeginiň çylşyrymly tehnologiki prosesi ýa-da wagonlaryň tigir jübütleriniň çalşyrylmagy bolup geçýär.

ORIENT

Foto: upl.uz

Şeýle hem okaň: