Iň täze habarlar

Türkmenistanyň bilim ulgamy üçin täze okuw kitaplary

31.08.2025 | 15:00 |
 Türkmenistanyň bilim ulgamy üçin täze okuw kitaplary

Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy üç sany täze okuw gollanmasyny neşir etdi. Bu ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde möhüm ädim boldy. Bu kitaplar döwletimiziň saglygy goraýyş, sanlylaşdyrma we halkara hyzmatdaşlygy babatyndaky başlangyçlaryna laýyklykda döwrebap okuw maksatnamalarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.

«Iýmit gigiýenasy»

«Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýokary okuw mekdepleri üçin «Iýmit gigiýenasy» atly okuw kitaby neşiri edildi. Bu gollanma J. Annanurow, A. Myradowa, Ş. Garajaýew we S. Mämmetsähedowa tarapyndan taýýarlanyldy we iki bölümden ybarat. Kitapda sagdyn iýmitlenmegiň esaslary, azyk önümleriniň energetik gymmaty, şeýle hem azyk önümlerine goýulýan sanitariýa-gigiýena talaplary beýan edilýär. Bu okuw kitaby talyplar, mugallymlar hem-de jemgyýetçilik iýmiti we saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri üçin peýdaly bolar.

«Modelirleme we grafika»

Orta mekdepleriň 11-nji synp okuwçylary üçin (okuw rus dilinde alnyp barylýan synplar üçin) «Modelirleme we grafika» atly okuw kitaby (awtorlar: G. Madamanowa, O. Babagulyýewa) neşir edildi. Onuň taýýarlanylmagy 12 ýyllyk bilim ulgamyna geçmek we sanly ulgamy ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşyklydyr. Kitapda modeller, grafiki gurşawda modelirleme we taslama işleri boýunça bölümler ýerleşdirilip, okuwçylaryň modelleri döretmek endiklerini hem-de gözleg ukyplaryny ösdürmegine ýardam edýär.

«Italýan dili»

Daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek maksady bilen, 9-njy synp okuwçylary üçin «Italýan dili (II daşary ýurt dili)» atly okuw kitaby neşir edildi. Awtorlar Ş. Merdanowa, K. Myradowa we A. Babaýewa tarapyndan taýýarlanan bu gollanma tassyklanan maksatnama laýyklykda düzülendir. Kitap alty bölümden ybarat bolup, okuwçylary diňe grammatikadan däl, eýsem Türkmenistanyň we Italiýanyň medeniýetinden hem habarly edýär. Aýratyn taýýarlanan gönükmeler we dialoglar okuwçylaryň italýan dilinde okamak, ýazmak we erkin aragatnaşyk gurmak başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: