ŞHG-niň çäginde senagat hyzmatdaşlygynyň ösdürilişi: dialogdan amaly taslamalara çenli
31.08.2025 | 16:00 |Bütindünýä ykdysady durnuksyzlygy we sanksiýalar şertinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) çäginde senagat hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ägirt uly demografik we tebigy serişdeler mümkinçiligine eýe bolan ýurtlary birleşdirýän ŞHG durnukly önümçilik zynjyrlaryny döretmegi, tehnologik garaşsyzlygy berkitmegi hem-de daşarky bazarlaryna bolan garaşlylygy azaltmagy maksat edinýär. Bu ýagdaý dünýä üpjünçilik zynjyrlarynda döreýän näsazlyklaryň we tehnologiýalar hem-de serişdeler ugrunda güýçlenýän bäsdeşligiň şertlerinde aýratyn möhümdir.
Statistiki görkezijiler we senagat mümkinçilikleri
2025-nji ýylyň ýagdaýyna hörä, ŞHG agza döwletleri bilelikde dünýä ilatynyň takmynan 47%-ni (3,6 mlrd adam) düzýär, şonuň hem 60%-den gowragy zähmet ýaşyndaky ilat bolup, bu senagat ösüşi üçin uly mümkinçilikdir. 2024-nji ýylda ŞHG ýurtlarynyň umumy JIÖ-si dünýäniň 30%-ne barabar boldy, daşary söwda dolanyşygy bolsa 2001-nji ýyl bilen deňeşdirilende 100 esse artdy. Eksportyň möçberi dünýä eksportynyň 20%-ine golaý boldy, bu görkeziji boýunça öňdebaryjylar Hytaý ($3,5 trln.), Hindistan ($442 mlrd.) we Russiýa ($386 mlrd.) boldy. Bilelikdäki senagat taslamalaryna goýlan maýa goýumlary $120 mlrd.-dan geçdi, bu bolsa innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna, önümçilikleriň ýerli derejede gurnalmagyna hem-de sebitleýin goşmaça gymmat zynjyrlarynyň ösdürilmegine itergi berdi.
ŞHG ýurtlarynyň esasy senagat hereketlendirijileri:
• Hytaý — elektronika, maşyn gurluşygy we himiýa önümleri boýunça dünýäde öňde barýar, onuň senagaty dünýä önümçiliginiň 28%-den gowragyny düzýär.
• Russiýa — giň tebigy serişdeleri bilen dünýä metallurgiýasynda, nebitgaz pudagynda we goranyş senagatynda möhüm orun eýeleýär, dünýä tebigy serişdeler eksportynyň 12%-e golaýyny üpjün edýär.
• Hindistan — derman senagaty, maglumat tehnologiýalary we dokma senagatynda uly ösüş görkezýär, bu ugurlarda eksporty her ýyl 15–20% artdyrýar.
• Eýran — dünýäde iň iri nebit we gaz eksport edijileriň biri bolup, onuň nebit-himiýa senagaty JIÖ-niň 15%-e golaýyny tutýar.
• Belarus — maşyn gurluşygy bilen tanalýar, traktor, ýük maşynlary we oba hojalyk tehnikalaryny öndürýär, olaryň eksport möçberi ýylda $3,5 mlrd.-a golaý bolýar.
• Merkezi Aziýa ýurtlary (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan) — gazyp alyş we gaýtadan işleýiş pudaklaryny ösdürýärler. Gazagystan iri uran we mis eksport edijisi, Türkmenistan bolsa esasy gaz eksport edijisidir.
Başlangyçlar we üstünlikli taslamalar
2022-nji ýyldan bäri ŞHG ýurtlary senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça başlangyçlary işjeň öňe sürýärler we olary jemleýji resminamalarda berkidýärler.
• Samarkand Sammiti (2022): Senagat hyzmatdaşlygyny höweslendirmek boýunça maksatnama kabul edildi.
• Bişkekdäki Sammit (2023): Tehnologiýalar we iň oňat tejribeler bilen alyş-çalyş üçin bilelikdäki platformalaryň döredilmegi boýunça başlangyç tassyklanyldy, şeýle hem serhetüsti senagat toplumlarynyň ösdürilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
• Astanadaky Sammit (2024): Maşyn gurluşygynda, elektronika we himiýa pudagynda senagat taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin bilelikdäki maýa goýum gaznasynyň döredilmegi goldanyldy.
Bilelikdäki taslamalaryň mysallary:
• Russiýa–Hytaý hyzmatdaşlygy: Energetikada — Amur gaz-himiýa toplumynyň gurluşygy; tehnologiýada — «Changchun Sino-Russian Science and Technology Park» we «China–Russia Innovation Park» ýaly bilelikdäki tehnologiýa parklarynyň döredilmegi; derman senagatynda — Guançžou şäherinde Halkara biolukmançylyk we derman senagaty institutynyň açylmagy.
• Russiýa–Hindistan hyzmatdaşlygy: «Sputnik V» sanjymynyň bilelikde öndürilmegi biotehnologiýa ulgamyndaky iri taslamalarynyň biridir.
• Hytaý–Belarus taslamasy: «Uly daş» senagat parky hyzmatdaşlygyň iň üstünlikli mysallarynyň biri bolup, Hytaý bu taslama $1,3 mlrd.-a golaý maýa goýdy.
• Merkezi Aziýa maýa goýumlar: Hytaý Gazagystandaky «Horgos Gündogar derwezesi» we Özbegistandaky «Jyzak» senagat parky ýaly senagat zolaklaryna we logistika merkezlerine maýa goýýar, bu ýerde BYD Uzbekistan zawodynyň gurluşygy amala aşyryldy. Russiýa oba hojalyk we awtomobil pudaklaryna maýa goýýar, Hindistan bolsa deeman senagaty hyzmatdaşlygyny ösdürýär hem-de IT merkezlerini açýar we bilim talyp haklaryny hödürleýär.
Geljekki mümkinçilikler
Üstünliklere garamazdan, ŞHG-niň çäginde senagat hyzmatdaşlygy birnäçe kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar:
Mundan beýläk netijeli ösüş üçin standartlaryň utgaşdyrylmagyny, maliýe gurallarynyň ösdürilmegini we logistika integrasiýasynyň çuňlaşdyrylmagyny öz içine alýan ulgamlaýyn çemeleşme zerurdyr. Tebigy serişdeleri köp bolan we infrastrukturasyny ösdürýän Merkezi Aziýa ýurtlary guramanyň esasy senagat merkezi bolup biler.
2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň başynda Týanszinde geçiriljek ŞHG döwlet Baştutanlarynyň mejlisi, Halkara Merkezi Aziýa institutynyň esasy ylmy işgäri Şawkat Alimbekowyň belleýşi ýaly, senagat hyzmatdaşlygyny berkitmegiň we Ýewraziýada innowasion ykdysadyýeti ösdürmegiň geljekki ileri tutulýan ugurlaryny hem-de anyk gurallaryny kesgitlemeli bolar.
ORIENT