Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri täze saz möwsümini açýar

04.09.2025 | 11:08 |
 Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri täze saz möwsümini açýar

14-nji sentýabrda agşam sagat 19:00-da Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň täze saz möwsüminiň açylyş dabarasy geçiriler.

Çeper ýolbaşçy Rasul Gylyjow diňleýjilere «Ajaýyp eserler toplumy» atly konsert maksatnamasyny hödürlär. Oňa dünýä nusgawy sazynyň beýik kompozitorlarynyň eserleri girizildi.

Bu agşam paýtagtymyzyň medeni durmuşynda parlak waka öwrüler we geljekki möwsüme belent ruh berer.

Biletleri satyn almak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 26-69-17, 51-41-57, (+99363)46-71-77, (+99364)03-74-56.

Foto: afisha41.ru

Şeýle hem okaň: