Telefon arkaly dialog: Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýa garadylar
25.08.2025 | 20:35 |25-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu şöhbetdeşlik Aşgabat bilen Moskwanyň arasynda yzygiderli ösdürilýän işjeň syýasy dialogyň çäginde nobatdaky ädim boldy.
Diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara giňişligindäki özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Telefon arkaly söhbetdeşlik şu ýylyň iýun aýynda gol çekilen ylalaşygyň amaly ýerine ýetirilişine öwrüldi. Şonda Aşgabatda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi. Resminama ýokary derejede yzygiderli aragatnaşyklary we geňeşmeleri göz öňünde tutýar.
Ministrleriň arasyndaky söhbetdeşlik Türkmenistan bilen Russiýanyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ýakyn we ynamdar dialogy dowam etdirýändigini görkezýär. Bu diňe bir pikir alyşmak däl, eýsem hereketleri netijeli utgaşdyrmaga we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýän esasy meseleler boýunça garaýyşlary deňeşdirmekdir.
ORIENT