Iň täze habarlar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy içerki howa gatnawlarynyň täze tertibini neşir etdi

31.07.2025 | 17:17 |
 “Türkmenistan” awiakompaniýasy içerki howa gatnawlarynyň täze tertibini neşir etdi

2025-nji ýylyň 11-nji awgustyndan ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň howa menzillerinden amala aşyrylýan içerki howa gatnawlarynyň täzelenen tertibi güýje girýär.

Täze gatnaw tertibi “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň turkmenistanairlines.tm resmi saýtynda neşir edildi.

Gatnaw tertibi Aşgabat bilen welaýatlaryň arasyndaky uçuşlary, şeýle hem aýratyn welaýatlaryň içerki ugurlaryny öz içine alýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, awgust aýynda Türkmenbaşy halkara howa menzili arkaly amala aşyrylýan howa gatnawlary dikeldiler.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: