Iň täze habarlar

Onlaýn döwlet hyzmatlary: e.gov.tm portaly arkaly Migrasiýa gullugyna nädip ýazylmaly?

28.05.2025 | 16:20 |
 Onlaýn döwlet hyzmatlary: e.gov.tm portaly arkaly Migrasiýa gullugyna nädip ýazylmaly?

Türkmenistanyñ e.gov.tm döwlet hyzmatlarynyñ internet-portalynda Döwlet migrasiýa gullugyna onlaýn ýazylmak ulgamy elýeterlidir. Bu ulgam arkaly biometrik pasport almak ýa-da degişli bölümleriň we müdirlikleriň ýolbaşçylaryna baryp görmegiň öň ýanyndan amatly wagt saýlap bolýar.

Arza tabşyrmazdan ozal birnäçe ýönekeý düzgünlere üns bermek möhümdir:

Tertipnamadan özüňize amatly wagty saýlaň;

Bellenen wagtdan azyndan 10 minut öň gelmek maslahat berilýär;

Giç galan halatyňyzda ulgama gaýtadan ýazylmaly bolarsyňyz;

Onlaýn ýazylmak hyzmaty tölegli bolup, plastik kartyñyzyň SMS habarnama hyzmaty açyk bolmaly.

Onlaýn ýazylmak — migrasiýa hyzmatlaryny nobatsyz we has amatly ýagdaýda alyp bolýan guraldyr. Bu hyzmat bilen saparyňyzy öňünden meýilleşdirmek has aňsat bolýar.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: