Aşgabat Gruziýanyň Garaşsyzlyk gününi belledi: hyzmatdaşlyga we medeni gatnaşyklara syn
26.05.2025 | 23:58 |Aşgabat, 26-njy maý | ORIENT. Gruziýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy ýurduň garaşsyzlyk güni mynasybetli kabul edişlik geçirdi.
Gruziýanyň halkynyň azatlyga we demokratiýa bolan islegini alamatlandyrýan bu möhüm sene, Aşgabatda diplomatik wekilhanalaryň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini bir ýere jemledi.
Çäräniň resmi bölümini, Gruziýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Konstantin Sabiaşwili açdy we ýygnananlara baýramçylyk dabarasyna gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Öz çykyşynda 26-njy maýyň ähmiýetini “diňe bir ýurduň taryhy saýlawynyň nyşany bolman, eýsem gruzin halkynyň demokratik gymmatlyklara, garaşsyzlyga we halkara jemgyýetçiliginde işjeň orun eýelemeginiň beýanydyr” diýip nygtady.
Ilçi Türkmenistan tarapyndan berilýän goldawy aýratyn belledi we Gruziýanyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda köpri hökmünde strategiki ähmiýetini beýan etdi.
Diplomat, şeýle hem özara düşünişmek we geostrategiki mümkinçilige esaslanýan iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli we ynanyşmak gatnaşyklaryň durnuklylygyny nygtady.
Söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk babatynda jenap Sabiaşwili Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işiniň mümkinçilikleriniň giňeldilýändigi kanagatlanma bilen belläp geçdi. Diplomat Türkmenistany uly göwrümli sebitleýin ulag we energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde “ygtybarly hyzmatdaş” diýip atlandyrdy.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kerimberdi Gurbanow Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan çykyş edip, gruzin halkyny gutlap, olara parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.
Ministr syýasy, diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky “üstünlikli özara gatnaşyklary” belläp, döwletara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine ünsi çekdi.
Aýdyň mysal hökümde ol ýakynda Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana amala aşyran saparyny belläp geçdi.
Ministr iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 2024-nji ýylda 245 million ABŞ dollaryna barabar bolandygyny habar berdi.
Ulag we logistika boýunça geljegi uly ugurlar hökmünde “Lapis Lazuli”, "Hazar deňzi - Gara deňzi”ugurlaryň ösüşi we “Ýaşyl portlar” ýaly taslamasy beýan edildi. Şeýle hem energetika we söwdada hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiligi bellenildi.
Medeni gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Ilçi Sabiaşwili Aşgabatda beýik gruzin şahyry Şota Rustaweliniň ýadygärliginiň oturdylandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi we muny gruzin mirasyna çuňňur hormat goýmagyň alamaty diýip atlandyrdy.
Baýramçylyk bölümi mähirli we ýürekden edilen çykyşlar bilen geçirildi. Myhmanlar milli aýdym-sazdan, meşhur gruzin aýdymlarynyň ýerine ýetirilişinden lezzet aldylar we olara ýakymly ysly haçapuriden tä gruzin içgilerine çenli hödür etdiler.
Bularyň hemmesi gruzin myhmansöýerliginiň özboluşly ruhuny görkezýän agşamyň hakyky bezegine öwrüldi.
Baýramçylyklaryň Gruziýanyň özünde nähili bellenilýändigi, öz wagtynda maňa görmek bagty miýesser edipdi.
Bu elmydama gruzinçä aýdyň bolýar: köp adamly, göwni açyk, aýdymlary, ajaýyp gutlaglary – käwagt paýhasly, käwagt ýeser, ýöne hemişe ýürekden gelýär.
Saçaklar giňden ýazylypdyr, bulgurlar püre-pür doly, hemme ýerde gülki, aýdym-saz we hakyky şatlyk bar.
Şeýle günde biperwaý ýa-da gamgyn bolup bolarmy?
Bekdurdy AMANSARYÝEW