Iň täze habarlar

Türkmenistan bilen BMG durnukly ösüş pudagynda hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar

28.05.2025 | 10:02 |
 Türkmenistan bilen BMG durnukly ösüş pudagynda hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar

27-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021–2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy komitetiň utgaşykly görnüşinde nobatdaky mejlis geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçy düzümi we işgärleri, ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy şeýle hem BMG-niň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda häzirki wagtda hereket edýän Çarçuwaly maksatnamanyň ýerine ýetirilişine syn bermek, 2026–2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamanyň indiki tapgyryna garamak, şeýle hem 2026–2030-njy ýyllar üçin BMGÖM-niň, ÝUNISEF-iň hem-de UNFPA-nyň Ýurt boýunça maksatnamalaryny tassyklamak ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise gatnaşyjylar Mejlisde Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda ýola goýulan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. Bilelikdäki tagallalar arkaly durnukly ösüşi üpjün etmegiň we oňat netijelere ýetmegiň mümkindigine ynam bildirildi. Orta we uzak möhletleýin meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň binýadynda bilelikdäki ulgamlaýyn işiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: