Türkmenistan HZG-niň indiki sessiýasyna gatnaşmak üçin
28.05.2025 | 07:10 |Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa 2025-nji ýylyň 2- 13-nji iýun aralygynda Ženewadaky Milletler Köşgünde geçiriljek Halkara zähmet maslahatynyň (HZG) 113-nji sessiýasyna gatnaşar. Hökümetleriň, iş berijileriň we işçileriň wekilleri bir ýere jemlenip, zähmet dünýäsindäki möhüm meseleleri, şol sanda resmi däl işlere garşy innowasiýa çemeleşmeleri, ykdysady meýdançalarda mynasyp zähmeti, iş ýerindäki gender deňligi, durmuş dialogy we üç taraplaýynlygyň Halkara zähmet guramasynyň durmuş ösüşine goşýan goşandyny ara alyp maslahatlaşarlar.
Maslahata HZG-a agza 187 döwletiň wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, Halkara zähmet guramasynyň howandarlygynda 12-nji iýunda Durmuş dalatlylygy üçin ählumumy bileleşiginiň ikinji ýyllyk forumynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onuň işine maslahata akkreditasiýa edilen bileleşikdäki hyzmatdaşlary we HZG-niň agzalary gatnaşar. Durmuş adalatlylygy boýunça ählumumy bileleşigi – bu dürli gyzyklanýan taraplary durmuş adalatsyzlygyna garşy göreşmek we Durnukly ösüş pudagynda 2030-njy ýyla çenli gün tertibiniň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak üçin başlangyçdyr.
Halkara zähmet guramasy (HZG) – BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolup, ol durmuş adalatlylygy ýörelgelerini, halkara derejesinde ykrar edilen adam hukuklaryny we zähmet hukuklary öňe sürmegi maksat edinýär. HZG halkara zähmet standartlaryny konwensiýalar we teklipler görnüşinde ösdürýär, esas goýujy zähmet hukuklary babatynda iň pes standartlary kesgitleýär.