Mazary-Şarifde tegelek stoluň başynda BMG-niň wekilleri we diplomatlar parahatçylyk we ynanyşmak meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar
19.05.2025 | 15:30 |Mazary-Şarif, Owganystan, 19-njy maý | ORIENT. Şu gün Mazary-Şarifde halkara ähmiýetli möhüm çäre geçirildi. Ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Türkmenistanyň Baş konsullygy tarapyndan gurnalan tegelek stoluň başyna sebit we halkara derejesindäki möhüm wekiller ýygnandylar.
Duşuşyk BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) ýolbaşçysy Roza Otunbaýewa, UNAMA-nyň demirgazyk welaýatlardaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Rubina Edwrd Kulpin, “BMG-niň Zenanlar” toparynyň Balh welaýatyndaky edarasynyň başlygy Sagipa Jusaýewa dagylaryň gatnaşmagynda geçirildi. Dialoga Russiýanyň, Özbegistanyň konsullyk edaralarynyň we Gazagystanyň Mazary-Şarifdäki wekilhanasynyň ýolbaşçylary hem goşuldy. Tegelek stolyň işine “ORIENT”-iň wekili hem gatnaşdy.
Tegelek stola gatnaşyjylar halkara we sebit gün tertibindäki häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we häzirki zaman geosyýasy ýagdaýlar barada pikir alyşdylar. Häzirki zaman çagyryşlaryň şertinde parahatçylykly dialogyň we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barha artýan ähmiýeti aýratyn bellendi.
Gatnaşyjylaryň ünsi BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Türkmenistanyň başlangyjyna çekildi. Bu wakanyň, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna simwoliki taýdan gabat gelýändigi nygtaldy. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan binýady goýlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan daşary syýasatynyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilenligini görkezýär.
Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabada geçiriljek forumyň açyk dialog we ynanyşmak ýörelgelerini öňe sürmek üçin möhüm meýdança boljakdygy şeýle hem Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde geçiriljek beýleki çäreleriň ähmiýeti aýratyn bellendi.
BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň ýolbaşçysy Roza Otunbaýewa, Türkmenistanyň parahatçylygy berkitmek boýunça öňe sürýän başlangyçlaryna ýokary baha berip, BMG-niň düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň geljekde has ösdürilmegine gyzyklanma bildirdi. BMG-niň ýörite wekili, Owganystanda parahatçylygy ýola goýmak we çökgünlikleri ýeňip geçmek ugrunda görülýän tagallalaryň çäklerinde, Türkmenistanyň hem-de Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň häzirki Owganystanyň Hökümeti bilen syýasatdan başlap, ykdysadyýet we ynsanperwer ugurlara çenli giň ugurlar boýunça hem-de sebit taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly maksatlaýyn dialog alyp barýandygyny belledi.
Şeýle hem Roza Otunbaýewa Owganystanyň häzirki Hökümetine Merkezi Aziýa döwletleriniň edýän täsiriniň, ýurduň jemgyýetçilik durmuşynda owgan zenanlarynyň has işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek nukdaýnazaryndan örän möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn nygtady.
Tegelek stoluň işiniň ahyrynda, gatnaşyjylar Türkmenistanyň oňyň we hemişelik Bitaraplyk derejesiniň diňe bir ýurduň milli bähbitlerine laýyk gelmän, eýsem sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak üçin netijeli hem-de möhüm bir serişdedir diýip biragyzdan bellediler.
Mazary-Şarifde geçirilen duşuşyk, bu orny tassyklamaga we sebitde netijeli hyzmatdaşlygyň ýoluny mundan beýläk-de tapmak üçin möhüm meýdança boldy.
Bekdurdy AMANSARYÝEW