Iň täze habarlar

Merkezi Aziýada millionlarça iş orun EA sebäpli howp astynda

26.05.2025 | 10:40 |
 Merkezi Aziýada millionlarça iş orun EA sebäpli howp astynda

Emeli añ bütin dünýä boýunça 838 million iş ornuny üýtgedip biler, bu bolsa planetadaky ähli işleýän adamlaryň dörtden bir bölegine deňdir. Iň uly täsir bolsa Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlaryna düşýär – bu ýerde görkezijiniň derejesi 32%, ýagny 136 million iş ornuna deňdir. Bu maglumatlary Halkara Zähmet Guramasy (HZG) getirýär.

HZG Polşanyň Milli ylmy-barlag instituty (NASK) bilen bilelikde barlag geçirdi. Bu barlagda 2,5 müň hünär we olaryň awtomatlaşdyrylyp bilinjek wezipeleri seljerildi.

HZG-niň bahasyna görä, ösen ýurtlarda emeli añ ähli iş orunlarynyň 34%-ne täsir eder. Ortaça ýokary girdejili ýurtlarda bu görkeziji 25%, ortaça pes girdejili ýurtlarda bolsa 20%-dir. Garyp ýurtlarda emeli añyñ täsiri diýen ýaly duýulmaz – diňe 11% iş orny täsir astynda galar.

Sebitleýin seljerilende iň ýokary görkeziji Ýewropa bilen Merkezi Aziýada (32%), iň pesi bolsa Afrikada (19%) bolar.

Şol bir wagtda, girdeji derejesine we sebitine garamazdan, HZG-niň duýduryşy boýunça emeli añyñ täsiri esasan zenanlara degişli iş orunlarynda has güýçli bolar. Mysal üçin, ösen ýurtlarda emeli añ “zenan” hünärleriniň 41%-ni üýtgeder, “erkek” hünärlerinde bolsa bu görkeziji diňe 28%-dir. Dünýä derejesinde bu görkezijiler degişlilikde 28% we 21% deñdir.

HZG-niň barlagynda emeli añyñ iş orunlaryny nähili üýtgedýändigini anyk çaklamak kyn diýilýär. Täze tehnologiýalar işiň hilini ýokarlandyryp, adamlara döredijilikli işler üçin wagt döredip biler, ýa-da tersine – işi standartlaşdyryp we gözegçiligi güýçlendirip, ýagdaýy agyrlaşdyryp biler. Gurama jemgyýetde durmuş durnuklylygyny üpjün etmek üçin kärdeşler arkalaşyklarynyň ornuny ýokarlandyrmagy maslahat berýär.

Şuňa meňzeş barlagy öňräk BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy (ÝUNKTAD) hem geçirdi. Ol ýerde 2033-nji ýyla çenli emeli añyñ bazar bahasynyň 4,8 trillion dollara ýetjekdigi we iş orunlarynyň 40%-ne täsir etjekdigi aýdylýar. Bu bolsa zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna hem-de käbir iş orunlarynyň ýitmegine sebäp bolar.

ORIENT

Foto: kursiv.media

Şeýle hem okaň: