TOP taslamasy: Owganystanyň elektroenergetika we ykdysady ösüşe elýeterliligini giňeltmek
28.05.2025 | 09:05 |Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) milli elektrik kompaniýasy esasy owgan edaralarynyň şol sanda daşary işler, maliýe, ykdysadyýet, senagat we söwda, energetika we suw serişdeleri ministrlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TAP) elektrik geçirijiniň taslamasy boýunça tehniki mejlisi geçirdi.
DABS-yň Baş direktory Abdul Bari Omar mejlisiň dowamynda TAP taslamasynyň sebitleýin ähmiýetini belläp, şeýle möhüm infrastruktura başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde “doly aç-açanlygyň we milli ylalaşygyň” zerurdygyny aýtdy.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda ozalky şertnamalary gözden geçirmek, ýol kartasyny düzmek, hereketleriň meýilnamasynyň bölümlerini takyklamak we transmilli energetika taslamasy boýunça indiki duşuşyklary meýilleşdirmeklige aýratyn üsn berildi diýip, “Bakhtar news” habar berýär.
TAP tamamlamasy durmuşa geçirilenden soň Owganystan Türkmenistandan 1000 megawat elektrik energiýasyny almaga we ony Päkistana geçirmäge mümkinçilik alar. Onuň täsiriniň netijesinde, içerki senagatyň ösüşi ep-esli ýokarlanar we tutuş ýurt boýunça elektrik energiýasyna bolan elýeterliligi giňelder diýip neşirde bellenilýär.
Bu duşuşygyň Owganystanyň Premýer-ministriň diwanynyň görkezmesi bilen çagyrylandygy we ýurduň sebitleýin energetika hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugurlaryny görkezýändigi habarda aýdylýar.
ORIENT