Sport ulgamynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
28.05.2025 | 14:05 |2025-nji ýylyň 27-nji maýynda Hyrat welaýatynyň bedenterbiýe we sport müdirliginiň edara binasynda Owganystanyň sport ministriniň w.ý.ý. Ahmadulla Wasek bilen Türkmenistanyň Owganystanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly Batyr Ýolowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Mundan başga-da, gepleşikleriň dowamynda taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösüşiniň geljekki mümkinçiliklerini, şeýle-de sport ulgamynda gatnaşyklary giňeltmekligi ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar Türkmenistanda we Owganystanda geçirilýän halkara sport çärelerine bu iki döwletiň wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
ORIENT