Iň täze habarlar

Maldarçylykda täze taslama: mallary Identifikasiýa etmek we yzarlamak boýunça Milli strategiýa

28.05.2025 | 13:50 |
 Maldarçylykda täze taslama: mallary Identifikasiýa etmek we yzarlamak boýunça Milli strategiýa

Aşgabat şäherindäki «Arçabil» myhmanhanasynda BMG-niň Azyk we Oba hojalyk guramasy (FAO) bilen Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän «Mallary identifikasiýa etmegiň we olary yzarlamagyň milli ulgamy üçin strategiýanyň we ýol kartasynyň işlenip düzülmegi» atly taslamanyň resmi taýdan işe girizilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi.

Maslahatyň açylyşynda Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň orunbasary K. Haýtekow çykyş edip, FAO guramasyna bildirilen minnetdarlygyny beýan etdi hem-de taslamanyň ýurdumyzyň maldarçylyk ulgamyny ösdürmekdäki aýratyn ähmiýetini belledi. Ol, taslamanyň häzirki wagtda durmuşa geçirilýän giň möçberli ösüş maksatnamalary bilen hem utgaşýandygyny nygtady.

Maslahatyň dowamynda FAO-nyň halkara bilermenleri Eran Raýzman we Dragan Angelowski çykyş edip, taslamanyň ähmiýeti, onuň işlenip düzülmegi we durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça giňişleýin maglumat berdiler. Olar halkara tejribäni paýlaşyp, mallary bellige almak we yzarlamak ulgamynyň gurluşy, degişli hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi, şeýle hem sanly platformanyň döredilişi bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdiler.

Maslahatyň dowamynda ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň wekilleri we beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde milli strategiýanyň taýýarlanyş tapgyrlary, institutlar derejesindäki ýagdaýyň seljerilmegi, öňdebaryjy sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagy we milli hünärmenleriň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagy boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Taslama — NAITS (National Animal Identification and Traceability System) — Türkmenistanyň çäginde mallary bellige almak we olaryň hereketini yzarlaýan, häzirki zaman talaplaryna hem-de halkara ülňülerine laýyk gelýän durnukly ulgamy döretmäge gönükdirilendir. Bu ulgam diňe bir önümçilik we gözegçilik taýdan däl, eýsem maldarçylykda durnukly ösüşi gazanmak üçin hem möhüm ädimdir.

Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar tarapyndan FAO bilen hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirildi.

Foto: Guramaçylar tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: