Iň täze habarlar

Katar bilen Türkmenistan futbol hyzmatdaşlygy boýunça ylalaşyga gol çekdi

26.05.2025 | 23:55 |
 Katar bilen Türkmenistan futbol hyzmatdaşlygy boýunça ylalaşyga gol çekdi

Kataryň we Türkmenistanyň Futbol assosiasiýalary sportyň bu pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga gol çekdi. Gol çekmek dabarasy 26-njy maýda, duşenbe güni, Doha şäherindäki Al-Bidda diňinde ýerleşýän Kataryň Futbol Assosiasiýasynyň ştab-kwartirasynda geçirildi.

Kataryň Futbol assosiasiýasynyň adyndan resminama guramanyň ýolbaşçysy Jassim bin Raşid Al Buenaýin gol çekdi, türkmen tarapynyň adyndan bolsa Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Guwanç Öwekow gol çekdi.

Dabara şeýle hem iki federasiýanyň baş sekretarlary: Mansur Al-Ansari (Katar) we Serdar Geldiýew (Türkmenistan) gatnaşdy.

Bu ylalaşyga gol çekilmegi Kataryň Futbol assosiasiýasynyň Aziýanyň Futbol federasiýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we Aziýadaky dostlukly ýurtlar bilen gatnaşyklary berkitmek strategiýasyndaky ýene bir möhüm ädim boldy.

katar-turkmenistan-futbol (2).jpeg

ORIENT

Foto: Kataryň Futbol assosiasiýasy

Şeýle hem okaň: