Le Travel Wýetnamda tomusky dynç alşy hödürleýär
28.05.2025 | 12:25 |LeTravel syýahatçylyk agentligi «Wýetnam dynç alyşy» atly täze tomusky syýahat maksatnamasynyñ ýola goýlandygy barada habar berýär. Bu maksatnama deňiz kenaryndaky dynç alyşy, medeniýet bilen tanyşlygy we täsirli gezelençleri öz içine alýar.
Gyssagly teklip dokuz günlük syýahaty öz içine alýar we ekzotika, ýyly deňiz hem-de ajaýyp täsirler hakda arzuw edýänleriň ählisi üçin hakyky tomusky ertekä öwrülmäge wada berýär.
Syýahatyň maksatnamasy:
1-nji gün – Aşgabadyň halkara howa menzilinden Hoşimine uçar bilen ýola çykmak.
2–7-nji günler – Wýetnamyň iň gowy dynç alyş ýerleriniň biri bolan, arassa suwy we ak çägesi bilen meşhur bolan Nýaçang deňiz kenarynda dynç alyş.
8-nji gün – Hoşimine gaýdyp gelmek: şäher boýunça tanyşdyryjy gezelençler, söwda we Aziýanyň megapolisi Hoşimende hoşlaşyk agşamy.
9-njy gün – Öýe dolanmak.
Syýahata girýän hyzmatlar:
Myhmanhanada ýaşamak;
Ähli ulag hyzmatlary (transferler);
Wiza goldawy;
Ekskursiýa maksatnamasy.
Häzirki wagtda toparlar şu seneler üçin düzülýär: 17–26 iýun we 15–24 iýul.
Näme üçin adamlar LeTravel-i saýlaýarlar?
Wýetnamyň iň gowy kenarlary;
Hakyky Aziýa aşhanasy;
Professional rus dilinde gürleýän ýolbeletler;
Syýahatyň ähli tapgyrlarynda doly hyzmat.
Özüňize Günorta-Gündogar Aziýanyň iň gözel künjekleriniň birinde unudylmajak dynç alyşy sowgat ediň! Habarlaşmak üçin telefon: (+99363)17-55-57
Sosial ulgamlar:
TikTok: @le._travel.tm
Instagram: @le.travel.tm
ORIENT