Iň täze habarlar

Türkmenistan we Türkiýe bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar: täze başlangyçlar we mümkinçilikler

08.04.2025 | 18:35 |
 Türkmenistan we Türkiýe bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar: täze başlangyçlar we mümkinçilikler

Şu gün Aşgabatda Daşary ýurtdaky türkleriň we kowumdaş jemagatlaryň işleri baradaky müdirligiň (YTB) Başlygy Abdullah Eren bilen Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdyrlar hem-de ony çuňlaşdyrmak üçin täze ugurlary kesgitlediler.

Türkmenistana saparyny amala aşyrýan Abdullah Eren iki dostlukly ýurtlaryň arasyndaky berk taryhy-medeni gatnaşyklaryň ähmiýeti barada belläp, ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamakda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy berkitmäge taýyndygyny beýan etdi. Ol häzirki wagtda Türkiye Bursları maksatnamasynyň çäklerinde talyp haklaryny alan türkmen talyplarynyň Türkiýäniň öňdebaryjy döwlet ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandyklary barada belledi. Ýurtda 122 sany döwlet ýokary okuw mekdepleri hereket edýär, olaryň her birisi türkmenistanly zehinli ýaşlar üçin açykdyr. Bilim almakdan başga-da, talyp haklarynyň eýeleri uniwersitetleriň ýanyndaky umumy ýaşaýyş jaýlarynda mugt ýaşaýyş bilen üpjün edilýär.

Duşuşygyň barşynda jenap Eren ikitaraplaýyn bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlar bilen çykyş etdi. Lukmançylyk ulgamy boýunça hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak Türkmenistanyň lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň talyplar toparynyň her ýyl goşmaça bilim almaga we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga Türkiýä ugradylmagy esasy teklipleriň biri boldy. Munuň özi geljekki lukmanlara bilimlerini giňeltmäge, türk saglygy goraýyş ulgamynda ulanylýan öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary we usulyýetleri bilen tanyşmaga, şeýle hem pudaklaýyn uniwersitetler bilen akademiki aragatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Hünärmenler üçin taýýarlygy ýokarlandyrmak

Eren Türkmenistanyň döwlet edaralarynda işleýän hünärmenleriň hünär ösüşine aýratyn ünsi çekdi. Ol gönükdirilen bilim ulgamyny döretmegi teklip etdi. Onuň çäklerinde türkmen döwlet gullukçylary türk ýokary okuw mekdepleriniň binýadyndaky aspiranturalarda öz bilimi dowam edip ýa-da taýýarlygyny ýokarlandyryp bilerler.

Türkmen talyplary üçin tomusky mekdepler

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin Türkiýede tomusky mekdepleriň geçirilmegi ýene bir möhüm başlangyçlaryň biri boldy. Şeýle maksatnamalaryň çäklerinde talyplar diňe bir öz hünäri boýunça bilimlerini giňeltmän, eýsem türk medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanşyp bilerler. Bu hem halklaryň has ýakynlaşmagyna ýardam berer.

Diplomatiýa ugry boýunça hyzmatdaşlyk

Jenap Eren Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty bilen hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirdi. Özara gatnaşyklaryň çäklerinde halkara gatnaşyklary we diplomatiýany öwrenýän türkmen talyplary Türkiýede geçirilýän bilim maksatnamalaryna we seminarlaryna gatnaşyp bilerler.

Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew, öz nobatynda, iki ýurduň arasynda bilim ulgamy boýunça berk şertnamalaýyn-hukuk hyzmatdaşlyk binýadynyň emele gelendigini belläp geçdi. Hususan-da, ol 2014-nji ýylyň awgust aýynda gol çekilen “Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky hökümetara ylalaşygy” barada ýatlatdy. Bu resminama ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykardy.

“Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de bilim ulgamyna öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi her ýylky halkara ylmy maslahatyny we sergisini geçirýär, bu bolsa eýýäm oňat däbe öwrüldi” – diýip, ministr belledi. Ol jenap Ereni Aşgabatda 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň birinji ýarymynda geçiriljek çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy. Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Türkmenistanyň raýatlaryna Türkiye Bursları maksatnamasy boýunça yzygiderli talyp haklarynyň berilmeginiň dowam etjekdigine ynam bildirdi. Maglumat tehnologiýalar, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika, oba hojalygy, inžener we tehniki ylymlary, matematika we tebigy ylymlar ýaly möhüm ileri tutulýan ugurlar teklip edildi.

Iki tarap hem gejekki nesilleriň bähbidi, medeni we akademiki gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda durnukly bilim meýdançasyny ösdürmek maksady bilen, işjeň we ylalaşykly hyzmatdaşlyga taýýardygyny bildirdiler. Şeýle hem, Aşgabada saparynyň çäklerinde Abdullah Eren Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine baryp gördi.

Ozal habar berşimiz ýaly, 2025-nji ýyldan başlap has köp türkmen talyplary Türkiýede mugt bilim alyp biler.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: