Iň täze habarlar

Belarusyñ uniwersitetleri türkmenistanly dalaşgärleri söhbetdeşlige çagyrýarlar

02.04.2025 | 16:25 |
 Belarusyñ uniwersitetleri türkmenistanly dalaşgärleri söhbetdeşlige çagyrýarlar

2025-nji ýylyñ 22-26-njy maýy aralygynda Aşgabatda Belarusyñ öñdebaryjy uniwersitetleriniñ kabul ediş toparlary bilen söhbetdeşlikler geçiriler. Türkmenistanly dalaşgärler P.M.Maşerow adyndaky Witebskiñ döwlet uniwersitetine, Ýanka Kupala adyndaky Grodnonyñ döwlet uniwersitetine hem-de Ýefrosiniýa Poloskaýa adyndaky Poloskyñ döwlet uniwersitetine girmäge mümkinçilik alarlar.

Söhbetdeşlik abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak ugrunda ilkinji ädim bolup, ýaşlaryñ öñünde täze mümkinçilikeri açar. Test synaglardan soñra, gatnaşyjylara şahadatnamalar beriler.

Gerekli resminamalar:

Paaport

Orta bilim baradaky attestat (öwrenen dersleriñ we olar boýunça geçirilen synaglarda alnan bahalaryñ (ball) görkezilmegi bilen bilim baradaky resminama)

Ýetişik baradaky tabel (eger attestat entek berilmedik bolsa ýa-da gatnaşyjy orta mekdebi tamamlamadyk bolsa)

Çäräniñ guramaçylary bolup ähli gatnaşyjylaryñ girmegini kepillendirýän «ВиБи Образование» kompaniýasy çykyş edýär. Kompaniýa biletleriñ satyn almagynda hem ýardam berýär.

Ýazylşyk eýýäm açyk, ýer sanlary çäklendirilen.

Habarlaşmak üçin: (+99362)10-22-12, (+99371)57-26-30, (+375)29-855-10-60

Email: vbgroup.education@gmail.com

Resmi saýty:https://vbeducation.by/

Sosial ulgamlar: @vbeducation_in_belarus

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: