Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty Açyk gapylar gününe çagyrýar
02.04.2025 | 15:55 |Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty 2025-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebine okuwa girmek isleýän dalaşgärler üçin Açyk gapylar gününi geçirer.
Çäre 2025-nji ýylyñ 14-19-njy apreli aralygynda Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40 salgysy boýunça sagat 14:00-dan 19:00-a çenli geçiriler.
Gelen myhmanlar taýýarlyk ugurlary, ÝOM-yñ okuw we ylmy işleri, onuñ gazananlary, talyplaryñ ýaşaýyş we okuwdan daşary şertleri bilen tanşyp bilerler.
Şeýle-de maksatnamada umumybilim berýän we sport mekdepleriniñ 12-nji synp okuwçylarynyñ arasynda beden taýýarlygy hem-de sport görnüşleri boýunça ýaryşlar bar.
Habarlaşmak üçin:
Telefon belgileri: 22-64-02, 22-65-47
E-mail:tdbsi@sanly.tm
Web-saýty: www.tdbsi.edu.tm
ORIENT news