Iň täze habarlar

Gazagystanyñ ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleri girizmegi teklip edýärler

28.03.2025 | 15:09 |
 Gazagystanyñ ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleri girizmegi teklip edýärler

Gazagystanyñ ýokary okuw mekdeplerinde demografiýa bilen baglanyşykly täze hünäri girizmek teklip edildi diýip, "Kazinform" habar berýär.

Gazagystan Respublikasynyñ Senatynyň başlygynyñ geñeşçisi Žuldyzaý Iskakowa demografiýa boýunça okuw maksatnamasyny döretmek başlangyjy bilen çykyş edip, demografiýanyň ösüşi baradaky täze resminamanyñ - Konsepsiýanyñ işläp taýýarlamagyñ wajyplygyny nygtady.

Iskakowa häzirki wagtda "demografiýa" maksatnamasy boýunça işgärleri taýýarlamak "taryh" boýunça okuw maksatnamalarynyñ esasynda amala aşyrylýandygyny belledi. Bu bolsa häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmeýär.

"Taryh geçmiş baradadyr, demografiýa näme-de bolsa, geljek baradadyr" - diýip, spiker derwaýys demografiýa meselelerini çözmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamak üçin ýokary okuw mekdeplerinde täze ugurlaryñ açylmagyna çagyrdy.

Geçen ýyl Astanadaky L.N.Gumilýow adyndaky Milli Ýewraziýa uniwersiteti Russiýanyñ Ýokary ykdysady mekdebi bilen bilim ojagynda şeýle ugry açmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdy.

ORIENT news

Foto: zakon.kz

Şeýle hem okaň: