Belarus Respublikasynda bilim almagyň artykmaçlyklary
25.03.2025 | 14:40 |Bilim – üstünlikli geljegiň açarydyr. Her bir talyp öz hünärini öwrenmek üçin iň gowy ýer saýlap almak isleýär. Belarus türkmenistanly talyplar üçin meşhur ugra öwrüldi. Bu hem ýöne ýerden däldir. Belarusda bilim almagy şeýle özüne çekiji edýän artykmaçlyklara seredeliň.
1. Ýokary hilli Bilim
Belarusyň bilim edaralary bilimiň ýokary hilini üpjün edip, okatmagyň häzirki zaman usullaryny we innowasion tehnologiýalary ulanýar. Öz ugry boýunça görnükli mugallymlar we hünärmenler bilimlerini paýlaşmaga taýýar. Bu bolsa dersleri çuňlaşdyryp öwrenmäge we zerur bolan ukyp-başarnyklaryň kemala gelmegine şert döredýär.
2. Okuw üçin elýeter bahalar
Belarusda okamagyň nyrhlary Günbatar Ýewropa ýurtlaryndan we ABŞ-den ep-esli derejede pesdir. Munuň özi Türkmenistandan gelen talyplara býujetine agram salman, ýokary hilli bilim almaga mümkinçilik berýär.
3. Okuw maksatnamalaryň köpdürliligi
Belarusda lukmançylyk, inženerçilik, ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary we beýleki ýaly ugurlar boýunça okuw maksatnamalaryň köpdürli görnüşleri bar. Bu köpdürlilik her bir talyba islegine we zähmet ösüşine laýyk gelýän hünäri saýlamaga mümkinçilik berýär. Okuw maksatnamalar iňlis dilinde hem geçirilýär.
4. Ýurduň medeni we taryhy aýratynlyklary
Belarus baý taryhy mirasy we ajaýyp medeniýeti bolan ýurtdyr. Bu ýerde talyplar Belarusyň we beýleki Ýewropa ýurtlarynyň medeniýeti barada öwrenip, olaryň däp-dessurlaryna aralaşyp bilerler. Belarusda bolmaklyk goňşy ýurtlara syýahat etmäge mümkinçilik berýär, bu hem ol ýerde bilim almagy has hem gyzykly edýär. Bu ýerde siz binagärlik ýadygärlikleri, muzeýleri we teatrlary synlap bilersiňiz, şeýle hem belarus halkynyň däp-dessurlary bilen tanyşyp bilersiňiz. Dostlukly gatnaşyklara we myhmansöýerlige esaslanýan Türkmenistanyň we Belarusyň medeniýetleriniň meňzeşligi türkmenistanly talyplaryň tiz wagtda uýgunlaşmaklaryna ýardam berýär.
5. Tejribe we hünär taýýarlygyny geçmek mümkinçiligi
Belarus uniwersitetleri talyplaryna hünär taýýarlygy we tejribe arkaly iş ýüzünde tejribe geçmäge işjeň ýardam berýärler. Talyplaryň iri kompaniýalarda işläp, gymmatly tejribe edinmäge mümkinçilikleri bar. Bu hem olaryň okuwy tamamlanyndan soňra şahsy maglumatlaryndaky ýazgylara artykmaçlyk goşýar.
6. Belarusda talyplaryň durmuşy
Belarusdaky talyplyk durmuşy gyzykly we pursatlardan dolydyr. Uniwersitetler uýgunlaşmakda, okuwdan boş wagty guramakda we tutuş okuwyň dowamynda kömek berýär. Talyplar umumy ýaşaýyş jaýyň we hususy jaýyň arasynda saýlap bilerler, ýaşaýyş nyrhlary bolsa elýeterliligine galýar. Dürli görnüşli medeni çäreler, sport toparlary we klublary talyplary okuwdan boş wagtlaryny gyzykly we pursatlardan doly edýär.
Belarusy saýlan talyplaryň duýgulary:
Leýli, 38 ýaş, Türkmenistan, Minskiň Döwlet lingwistik uniwersitetini tamamlady:
“Howpsuzlyk, elýeterlilik we professional çemeleşme – bu sebäpli men Belarusy saýlap aldym. Ýewropanyň merkezinde ýerleşip, bu ýurtda hoşniýetli we açyk göwünli adamlaryň ýaşamaklary, ony ýaşaýyş-durmuşy boýunça bize örän ýakyn edýär. Men Minskiň Döwlet lingwistik uniwersitetini saýladym, ol ýerde diňe bir dilleri öwrenmän, eýsem tejribe geçmäge mümkinçilik boldy. Sebäbi men daşary ýurt toparynda okadym, we meniň bilen bilelikde dürli ýurtlaryň ýaşlary okap, biz dürli dillerde gürleşip, dil bilimimizi kämilleşdirýärdik. Okatmagyň häzirki zaman usullary, ajaýyp mugallymlar, işjeň talyplyk durmuşy – Minskde okan wagtlarymdan galan ýatlamalaryň we duýgylarymyň doly bolmadyk sanawydyr”.
Annamyrat, 33 ýaş, Türkmenistan, Ýa.Kupala adyndaky Grodnonyň Döwlet uniwersitetini tamamlady:
“Men Grodnonyň uniwersitetinde okap, bu tejribeden mende diňe gowy duýgylar galdy. Her bir gün täze bilimlerden we gyzykly wakalardan dolydy. Okuwyň başyndan men sözň gowy manysynda geň galdym. Mugallymlar hemişe ýardam etmäge we soraga jogap bermäge taýýardylar. Grodno – baý taryhy we medeniýeti bolan owadan şäherdir. Bu ýerde gezelenç etmäge, täze ýerleri öwrenmäge we milli tagamlardan lezzet almaga örän ýakymlydyr. Men özümi öýde ýaly duýýardym, bu bolsa talyplaryň we mugallymlaryň dostlukly gatnaşyklarynyň netijesindedir. Bilim almaga hut şu uniwersiteti saýlap alanyma örän şat!”
Leýla, 31 ýaş, Türkmenistan, P.M.Maşerow adyndaky Witebskiň Döwlet uniwersitetini tamamlady:
“Belarusda ýaşamak we bilim almak – bu örän uly tejribedir! Men özümi öýde ýaly duýýardym, ýerli ýaşaýjylar hemişe hoşniýetlidi, her birisi kömek edýärdi. Hukuk fakultetiniň dekany ejem alada etmez ýaly, oňa umumy sapaga girmäge hem rugsat berdi. Okuw mekdepleri daşary ýurtly talyplara örän uly kömek edýärler”.
Belarusda okamak – bu diňe bir ýokary hilli bilim almaga mümkinçilik däl, eýsem täze medeniýeti öwrenmäge, täze dostlukly gatnaşyklary açmaga we halkara jemgyýetçiligiň bir bölegi bolmaga mümkinçilikdir. ВиБи Образование siziň ähli soraglaryňyza jogap bermekde hem-de size dogry ugry saýlap almakda ýardam bermäge taýýar! Bilimler dünýäsine syýahatyňyzy başlamak üçin goşmaça maslahatlar we maglumatlar üçin bize ýüz tutuň!
Goşmaça maslahatlary we maglumatlary almak üçin aşakdaky telefon belgilerine ýüz tutup bolar:
-
375 29 855 10 60
-
993 71 57 26 30
-
993 62 10 22 12
Elektron poçta: vbgroup.education@gmail.com
Instagram: Instagram.com/vbeducation_in_belarus
Web-saýty: vbeducation.by
ORIENT