Iň täze habarlar

Rumyniýada ýokary bilim almak isleýänler üçin resminamalary kabul etmeklik dowam edýär▶️

23.03.2025 | 17:00 |
 Rumyniýada ýokary bilim almak isleýänler üçin resminamalary kabul etmeklik dowam edýär▶️

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga isleg bildirýän ýaşlara resminamalary kabul etmekligiň 2025-nji ýylyň 27-nji martyna çenli dowam edýändigini ýatladýar.

2025/2026-njy okuw ýyly üçin Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamalary boýunça seçip alyşa umumy orta, orta hünär we ýokary hünär bilimine eýe bolan Türkmenistanyň raýatlary ýüz tutup bilerler.

Bu barada ORIENT ozal hem giňişleýin habar beripdi.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat şäheri, 1958-nji köçe (Andalyp), 169;

Telefon belgileri: (+993 12) 39-85-62, 39-85-25;

Elektron poçta: admissioniuhd@gmail.com

ORIENT news

Foto: cidentify.com

Şeýle hem okaň: