Iň täze habarlar

Döwlet energetika institutynda geçirilen ylmy-amaly maslahat işjeň häsiýetli boldy

20.03.2025 | 18:40 |
 Döwlet energetika institutynda geçirilen ylmy-amaly maslahat işjeň häsiýetli boldy

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Senagatda we energetikada sebitara hyzmatdaşlygyň esasynda innowasion tehnologiýalaryň orny» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Maslahata institutyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Onuň dowamynda 19-njy martda Aşgabat şäherinde geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatda Türkmen halkynyň Milli Lideriniň taryhy çykyşy barada, energetika pudagynda döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy barada, senagaty ösdürmekde tehnologiýalaryň ähmiýeti barada birnäçe çykyşlar diňlenildi.

Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde birnäçe aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edildi.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: