Iň täze habarlar

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryny «Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly sergi-ýarmarkasyna çagyrýar

19.03.2025 | 11:30 |
 TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryny «Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly sergi-ýarmarkasyna çagyrýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryny «Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly sergi-ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Serg-ýarmarka ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelere eýermek bilen geçirilip, onuň baş maksady Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna ýaşlaryň öz mynasyp goşandyny goşmaklaryny gazanmak bolup durýar.

Çäre 2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde sagat 11:00-da Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriler.

Her ýokary okuw mekdebi öz ugruna degişli sergi gurnamaly.

Sergä gatnaşyjylar barada maglumatlar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda ýerleşdirilen tablisa laýyklykda doldurulyp, 12-nji aprele çenli iirmfa.youngscientists@gmail.com elektron salga ugratmaly.

Goşmaça maglumat üçin: +99363334808; +99363457007.

ORIENT news

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: