Iň täze habarlar

Türkmenistanda mekdep okuwçylar üçin EnglishPalooza maksatnamasyna hasaba alnyş başlady

13.03.2025 | 15:30 |
 Türkmenistanda mekdep okuwçylar üçin EnglishPalooza maksatnamasyna hasaba alnyş başlady

13-18 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň mekdep okuwçylary iňlis dili endiklerini ösdürmäge gönükdirilen EnglishPalooza bilim maksatnamasyna haýyşnamalaryny tabşyryp bilýärler. Maksatnama STEM, işewürlik we emeli aň ugurlary boýunça interaktiw sapaklaryndan, oýunlardan we amaly sessiýalardan ybarat 5 günlük dil öwrenilişine aralaşmagy hödürleýär.

Gatnaşyjylar iki topara bölüner:

1-nji topar: iňlis dili boýunça esas bilimlere eýe bolan 13-15 ýaş aralygyndaky ýetginjekler.

2-nji topar: orta derejesinden pes bolmadyk iňlis dili bilimi bolan 16-18 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary.

Okuwlar Aşgabat, Mary Daşoguz we Türkmenabat şäherleriniň Amerikan burçlarynda geçiriler.

Haýyşnamalary tabşyrmagyň soňky möhleti – 20-nji mart. Haýyşnamalary https://bit.ly/englishpaloozaspring salgysy boýunça tabşyryp bolýar.

Gatnaşmak bilen baglanyşykly soraglar bilen AmericanCenterAshgabat@state.gov boýunça ýüz tutup bilersiňiz.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: