Iň täze habarlar

Medeni-ynsanperwer ugurdaky türkmen-ermeni hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

12.03.2025 | 20:00 |
 Medeni-ynsanperwer ugurdaky türkmen-ermeni hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

12-nji martda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministriniň orunbasary Artur Martirosýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer, ylym-bilim we sport meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar iki döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň özara okuwlara we maslahatlara, şeýle hem talyplaryň we mekdep okuwçylaryň geçirilýän olimpiadalara yzygiderli gatnaşýandyklarynyň üstünde durup geçdiler.

Ilçi M.Aýazow Türkmenistanda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly şygary astynda geçýändigini we muňa bagyşlap dünýäniň köp ýurtlarynda dürli çäreleriň geçirilýändigi barada gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda hem Türkmenistanda, hem Ermenistan Respublikasynda bilelikdäki medeni çäreleriň geçirilmegi baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol bir wagtda, Ilçi Türkmenistanda ýaşlara uly üns berilýändigini gürrüň berdi. Ol milli ýaşlar syýasatynyň kämilleşdirilip, ýylsaýyn ýaşlaryň ýurduň dürli işlerine çekilýändigi belledi. M.Aýazow şeýle hem, ýaşlaryň häzirki wagtda ýurduň durnukly we ygtybarly ösüşine, milli ykdysadyýetiň ösdürilmegine we halkyň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna bagyşlanan döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň goşantlaryny goşýandygyny belledi.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan üpjün edilýär

Şeýle hem okaň: