Iň täze habarlar

Türkmenistan we Gyrgyzystan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

12.03.2025 | 14:00 |
 Türkmenistan we Gyrgyzystan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

11-nji martda Gyrgyz Respublikasyndaky Türkmenistanyñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Goliýew GR-nyñ ykdysadyýet we söwda ministriniñ orunbasary S.Bolotow bilen duşuşdy.

Duşuşygyñ barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giñeltmek mümkinçilikleri, şol sanda GR-nyñ işewür wekiliýetiniñ Türkmenistana amala aşyrjak sapary we hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 1 Taraplar hyzmatdaşlygy giñeltmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmasyny bildirip, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm kuwwatyñ bardygyny bellediler. Munuñ bilen baglylykda, ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen täze ikitaraplaýyn ylalaşyklary taýýarlamak meselelerine hem garaldy.

Mundan başga-da, gatnaşyjylar 2025-nji ýylyñ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýokary derejedäki çärelere we munuñ bilen baglanyşykly beýleki çärelere gatnaşmagyñ zerurlygyny tassykladylar.

Duşuşygyñ ahyrynda gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri we ozal ýokary derejede ýetilen ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli gatnaşyklary güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: