Aşgabat we Minsk ylym we tehnologiýa hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara toparyny çagyrar
12.03.2025 | 02:25 |11-nji martda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Belarus Respublikasynyň Ilçisi Stanislaw Çepurnoýyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Diplomatlar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn görnüşde, sebitleýin we halkara düzümleriň, hususan-da BMG we GDA-nyň çäklerinde netijeliligini bellediler.
Mundan başga-da ylym we tehnologiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Belarus Respublikasynyň DIM-niň habarynda aýdylýar.
ORIENT