Iň täze habarlar

Aşgabatda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

12.03.2025 | 03:50 |
 Aşgabatda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

11-nji martda Türkmenistanyň DIM-de türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň partiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary Sin Şanpin bilen duşuşyk geçirdi.

Pikir alyşmalaryň barşynda häzirki wagtda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklarynyň ugurlaryň giň toplumy boýunça depginli ösýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma eýe bolan esasy we has möhüm ugurlara aýratyn üns berdiler.

Döwlet baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşmagyň, dostlugyň ýokary derejesi netijeli döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin oňaýly şertleri döredýär.

Taraplar Türkmenistanyň we Hytaýyň syýasy partiýalarynyň wekilleriniň arasynda özara saparlary yzygiderli alyşmagyň häsiýetine ünsi çekip, parlamentara we partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlenýändigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-hytaý dialogy pugtalandyrmakda söwda-ykdysady gatnaşyklaryna möhüm ornuň degişlidigini bellediler.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyna-da uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilin baglylykda ylym, bilim, medeni alyşmalar we hytaý diliniň öwredilmegi ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulandygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler Türkmenistanyň we Hytaýyň özara Medeniýet günleriniň ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga itergi berýändigini nygtadylar.

ORIENT

Ýene-de şu tema boýunça

Hytaýyň Şansi welaýaty Merkezi Aziýa bilen täze söwda we ykdysady baglanyşygy gözleýär

Türkmen wekiliýeti “Hytaý - Merkezi Aziýa” seljeriş merkezleriniň forumyna gatnaşýar

Siýanda Hytaý-MA hyzmatdaşlygynyň sekretariaty işlap başlady

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: