Iň täze habarlar

Hytaý startapy dolulygyna awtonom ýagdaýda işleýän Manus atly dünýäniň ilkinji emeli aň kömekçisi bilen tanyşdyrdy

11.03.2025 | 12:15 |
 Hytaý startapy dolulygyna awtonom ýagdaýda işleýän Manus atly dünýäniň ilkinji emeli aň kömekçisi bilen tanyşdyrdy

Monica hytaý startapy dolulygyna awtonom ýagdaýda işleýän Manus atly dünýäniň ilkinji emeli aň kömekçisi bilen tanyşdyrdy. South China Morning Post gazetiniň habar berişi ýaly, ol çylşyrymly ýumuşlary çözmek babatyndaky çemeleşmeleri özgerder.

ChatGPT we Google Gemini ýaly adaty çat-botlardan tapawutlylykda, Manus özbaşdak karar almaga we adam goşulmazdan köp ädimli ýumuşlary ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Meselem, eger-de ulanyjy jaý gözleginde kömek soraýan bolsa, Manus diňe bir maglumat ýygnaman, eýsem has laýyk maslahatlary bermek üçin jenaýatçylyk ýagdaýy, howa şertleri we ýol wagty ýaly köpsanly faktorlary hem seljerýär.

Manus gysga hünärli kömekçileriň işini utgaşdyrýan dolandyrjy hökmünde hereket edýär.

Geljekde bu gural adamlaryň köneçil iş usullaryny üýtgedip biler. Mysal üçin, işgärleri saýlamakda ol şahsy maglumatlary özbaşdak seljerip biler, jikme-jik hasabatlary bermek bilen, bazaryň esasy ösüş ugurlaryny hasaba alyp we laýyk gelýän dalaşgärleri teklip edip biler. Bu işiň ählisi adamyň gatnaşmazlygyndan amala aşyrylýar.

Manus noldan başlap, saýtlary hem döredip biler: sosial ulgamlardan maglumatlary ýygnar, olary torda ýerleşdirer hem-de hosting bilen bagly tehniki meseleleri çözer.

ORIENT news

Foto: radar.am

Şeýle hem okaň: