Iň täze habarlar

QazaqGaz känleriň gözlegini we özleşdirilmesini işjeňleşdirdi

11.03.2025 | 00:05 |
 QazaqGaz känleriň gözlegini we özleşdirilmesini işjeňleşdirdi

Gazagystanda 2025-nji ýylyň ahyryna çenli täze «Barhannoýe» käniniň ulanyşa girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Sputnik Gazagystan milli gaz kompaniýasy QazaqGaz-yň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. «Bahannoýe» gaz käniniň ýerleşýän ýeri Gazagystan Respublikasynyň Žambyl welaýatynyň Moýynkum etrabydyr. Kän, Şu we Talas derýalarynyň aralygynda ýerleşýän Moýynkum çölüniň günorta-günbatar çetinde ýerleşýär. Bu Týan-Şan dag ulgamyna tarap kem-kemden beýgelýän tekiz ýer. Kän üçin geologiki gözleg işlerini «Gözleg we gazyp alyş QazaqGaz» kompaniýasy alyp barýar.

Kompaniýanyň habaryna görä, käniň tokaý gaznasynyň çäginde ýerleşýändigini göz öňünde tutup, ony özleşdirmekde daşky gurşawa täsiri azaltmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman tehnologiýalary ulanylar. Esasy üns howa goýberilýän zyňyndylara gözegçilik etmäge we gazyň syzmagynyň öňüni almaga gönükdirilýär.

Neşirde, şeýle hem QazaqGaz-yň känlerde geologiki gözleg we goşmaça barlag işlerini işjeňleşdirendigini habar berilýär. Hususan-da, Amangeldi käninde №142 guýusyny burawlamak işleri üçin taýýarlyk başlandy. Aýrakty käninde №108 guýusyny burawlamak işleri alnyp barylýar. Anabaýda №18 guýusynyň buraw işi tamamlanyp barýar. Şu ýyl jemi 11 sany guýynyň burawlanmagy meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Maldybaý, Saýakbaý we Kogaly meýdançalarynda seýsmiki gözleg we buraw işleri meýilleşdirilýär.

Foto: adyrna.kz

Şeýle hem okaň: