Iň täze habarlar

Gazagystan Hazarüsti geçelgesi boýunça ýük daşamalaryny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär

11.03.2025 | 15:15 |
 Gazagystan Hazarüsti geçelgesi boýunça ýük daşamalaryny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär

Gazagystany Azerbaýjan, Türkiýe we Gruziýa bilen birleşdirýän Hazarüsti geçelgesi halkara logistikanyň we ýük daşamalarynyň möhüm bölegi boldy. 2023-nji ýylda bu geçelgäniň üsti bilen ýük daşamalaryň möçberi 4,5 mln tonna çenli ýokarlandy. Bu hem geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 62% köpdür. Gazagystan 2027-nji ýyla çenli bu möçberi ýylda 10 mln tonna çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär.

Gazagystanyň daşary işler ministri, premýer-ministr Murat Nurtleunyň sözlerini getirip, “Kazinform”-yň habar bermegine görä, bu baradaky karar ulag infrastrukturasyny gowulandyrmagyň strategiki zerurlygy we sebitiň halkara giňişlikde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bilen kesgitlenýär. Logistika amallaryny dolandyrmak we gowulandyrmak bilen meşgullanýan “Middle Corridor Multimodal Ltd” bilelikdäki gazagystan-azerbaýjan kärhanasy bu işde möhüm orun tutýar.

Gazagystan ulag prosesleriň sanlylaşdyrmagyny işjeň ösdürýär. Bu hem gümrük düzgünlerini aňsatlaşdyrmak we daşamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin IT-ulgamlaryň integrasiýasyny öz içine alýar. Taslamanyň çäklerinde konteýner daşamalaryny ösdürmek barada Hytaý bilen ylalaşyklara gol çekildi. Munuň özi, ýük akymyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Şeýlelikde, Hazarüsti geçelgesi Gündogary we Günbatary birleşdirýän halkara daşamalar zynjyrynda möhüm halka bolup durýar.

ORIENT news

Foto: kz.kursiv.media

Şeýle hem okaň: