Iň täze habarlar

Saud Arabystany awtomatlaşdyrylan elektron çykalgalar arkaly howa menzillerinde garaşmagy azaldýar

12.03.2025 | 13:25 |
 Saud Arabystany awtomatlaşdyrylan elektron çykalgalar arkaly howa menzillerinde garaşmagy azaldýar

Saud Arabystany howa menzillerinde hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak üçin täze tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýar. Er-Riýad, Jidda, Dammam we Medine şäherleriniň howa menzillerinde 152 sany awtomatlaşdyrylan elektron çykalgalaryň girizilmegi bu ugurdaky möhüm ädimleriň biri boldy. Ygtybarly elektron derwezeler ýolagçylaryň garaşmagyny ep-esli derejede azaldýar.

Bu çykalgalar syýahatçylara howa menziliniň işgärleriniň kömegi bolmazdan gözegçilikden geçmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi ýolagçylaryň uçara ýerleşme prosesini çaltlandyrýar. Ýolagçylar özüniň ýerleşme peteklerini skanirläp, awtomatiki derwezelerden geçip bilýärler. Netijede, tutuş proses amatly we netijeli bolýar. Mundan başga-da, awtomatlaşdyrma howa menziliniň işgärleriniň üstüne düşýän ýüki azaltmaga ýardam berip, olara aýratyn zerurlyklara mätäç bolan ýolagçylara kömek bermek we öňünden garaşylmadyk ýagdaýlaryň çözgüdini tapmak ýaly has kyn meselelerde ünsüni jemlemäge mümkinçilik berýär.

Şeýle başlangyç Saud Arabystanyň Maglumat we emeli aň müdirligi bilen Baş pasport müdirligi we Matarat kärhanasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyryldy.

Elektron çykalgalar Er-Riýad şäherindäki Patyşa Halid adyndaky halkara howa menzilinde, Jidda şäherindäki Patyşa Abdylaziz adyndaky halkara howa menzilinde, Dammamdaky Patyşa Fahd adyndaky halkara howa menzilinde, şeýle hem Medinedäki Şazada Muhammet bin Abdylaziz adyndaky halkara howa menzilinde ornaşdyryldy.

ORIENT news

Foto: arabianbusiness.com

Şeýle hem okaň: