Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Ban ussahanasyny döretmek boýunça iş maslahaty geçirildi
12.03.2025 | 19:50 |10-11-nji martda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik Partiýasynyň Şensi prowinsiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Hytaýyň CNPC kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň, Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Şensi hünär-tehniki kollejiniň wekiliýetiniň gatnaşmaklarynda Lu Ban ussahanasynyň hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň açylyş dabarasy hem-de iş maslahaty geçirildi.
2023-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynda kabul edilen Türkmenistanyň we HHR-nyň bilelikdäki Beýannamasynda «Lu Ban ussahanasy» taslamasyny amala aşyrmagy ilerletmek baradaky teklip öňe sürülipdi. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) hem-de Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Ähtnamada göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen maslahatyň çäklerinde HHR-nyň wekiliýeti Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurluşy, okuw binalary, ylmy-barlag we okuw merkezleri, barlaghanalary, uniwersitetde taýýarlanylýan hünärler we ugurlar hem-de alnyp barylýan ylmy-barlag işleri bilen tanyşdyryldy.
Maslahatyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen bilelikde Lu Ban ussahanasynyň taslamasynyň gurluşyk-gurnama işleri, barlaghana enjamlary, şeýle hem “Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi” hem-de “Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda)” bakalawr taýýarlyk ugurlary boýunça uniwersitetiň mugallymlarynyň hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň açylyş dabarasy geçirildi we degişli şahadatnamalar gowşuryldy.
Şeýle-de bilelikdäki okuw maksatnamasyna laýyklykda, Sian nebit uniwersitetiniň magistraturasynda okamak üçin 2025-nji ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetini tamamlaýan zehinli uçurym talyplary saýlap almak we kabul etmek, dünýäniň sebitlerini we aýry-aýry ýurtlaryny toplumlaýyn öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
ORIENT