Mark Karni Kanadanyň täze premýer-ministri bolup saýlandy
10.03.2025 | 13:10 |Angliýa Bankynyň we Kanada Bankynyň ozalky ýolbaşçysy Mark Karni Kanadanyň Liberal partiýasynyň täze lideri, we degişlilikde ýurduň täze premýer-ministri bolup saýlandy. Ol 85,9 % sesleri gazandy.
Karni özünden ozalky Jastin Trýudonyň hökümetine girmeýän partiýa lideri wezipesine ýeke-täk dalaşgärdi. Ýeňişden soňky sözünde Mark Karni kanadanyň bähbitlerini goramagyň zerurlygyna ünsi çekdi.
Ykdysady ugurdan tejribesi baý Karni, ýurtda ykdysady ýagdaýy gowulandyrmakda we Liberal partiýa üçin kyn bolup biljek geljekki saýlawlara taýýarlanmakda ünsüni jemlejekdigini aýtdy.
Ikinji ýeri ozalky maliýe ministri we häzirki parlament agzasy Hristýa Friland eýeledi. Ol 8 % sesleri gazandy. Wekiller palatasynyň ozalky lideri we häzirki parlament agzasy Karina Guld 3,2 % sesler bilen üçünji ýeri eýeledi.
ORIENT news