Iň täze habarlar

Merkezi Aziýa ýurtlaryna ulanylan awtoulaglary eksport etmek üçin Hytaý ilkinji ýük otlusyny goýberýär

12.03.2025 | 10:50 |
 Merkezi Aziýa ýurtlaryna ulanylan awtoulaglary eksport etmek üçin Hytaý ilkinji ýük otlusyny goýberýär

Hytaýyň günorta-günbataryndaky Syçuan welaýatynyň Çendu administratiw merkezinde Merkezi Aziýa ýurtlaryna ulanylan awtoulaglary eksport etmek üçin ilkinji ýük otlusy ugradyldy.

Bu möhüm ädim 2025-nji ýylyň 12-nji martynda amala aşyryldy. Ulanylan awtoulaglar bilen ýüklenilen otly Çendu halkara demir ýol portundan Özbegistanyň Daşkent şäherine ugrady. Otlunyň Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynda Horgos gözegçilik-geçiriş nokadynda serhedi geçip, Gazagystanyň Almaty şäheriniň üsti bilen 12 günden soňra Daşkent şäherine gelmegine garaşylýar.

Bu ugruň işledilmegi daşamalaryň wagtyny awtoýol daşamalar bilen deňeşdirilende üçden bir bölegi möçberinde ep-esli derejede azaldar hem-de harytlaryň ýitmek howplaryny peselder.

Çendu – Hytaýda ulanylan awtoulaglaryň eksporty bilen meşgullanyp başlan ilkinji şäherleriň biridir. 2024-nji ýylda ilkinji otlunyň ugran şäheri bolan Şuanlýudaky ulanylan awtoulaglaryň bazasy 6 müňden gowrak awtoulagy eksport etdi, eksport söwdasynyň möçberi bolsa 1 mlrd ýuana ýakynlaşdy.

Geljek iki ýylyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlaryna ulanylan awtoulaglaryň eksport möçberiniň ýylda 30% gowrak ösmegine garaşylýar.

ORIENT news

Foto: flagma.cn

Şeýle hem okaň: