Iň täze habarlar

Sindaoda ŞHG-niň agza-döwletleriniň Medeni we syýahatçylyk alyş-çalyşygyň festiwaly badalga aldy

12.03.2025 | 11:35 |
 Sindaoda ŞHG-niň agza-döwletleriniň Medeni we syýahatçylyk alyş-çalyşygyň festiwaly badalga aldy

2025-nji ýylyň 10-njy martynda Hytaýyň Sindao şäherinde Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna (ŞHG) agza-döwletleriniň medeni we syýahatçylyk alyş-çalyşygyň festiwaly badalga aldy. Şandun welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk baradaky müdirligi we Sindao şäheriniň Halk hökümeti tarapyndan guralan bu çäre Sindao şäheriniň ŞHG-niň 2024-2025-nji ýyllar üçin syýahatçylyk we medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýär.

Festiwalyň çäklerinde şäheriň medeni we syýahatçylyk serişdeleriniň tanyşdyrylyşy, şeýle hem ŞHG-a gatnaşyjy-ýurtlaryň medeni-syýahatçylyk önümleriniň sergisi geçirildi. Sindaonyň häkimi Çžao Ýan şäheriň dürli syýahatçylyk görnüşlerini, şol sanda deňiz we sagaldyş syýahatçylygyny ösdürmegi, şeýle hem ŞHG-niň beýleki döwletleri bilen medeni hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy meýilleşdirýändigini belledi.

Festiwalyň maksatnamasynda halk senetçiligiň görkezilmegi, milli tagamlaryň dadyp görülmegi, milli egin-eşikleriň we Sindao şäheriniň taryhy ýerlerine tematiki gezelençler meýilleşdirildi.

Festiwal mart aýynyň ahyryna çenli dowam edip, ŞHG-a gatnaşyjy-ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm meýdança bolar.

ORIENT news

Foto: rus.sectsco.org

Şeýle hem okaň: