Aşgabatda Beýik Britaniýanyň ýokary bilim ulgamynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
11.03.2025 | 18:50 |Şu gün Aşgabatda British Education Network (BEN), London Uniwersitetiniň wekilleri we AD Education UK Geňeşiniň direktory, professor Dewid Beýker bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginde geçirilen bu duşuşyk, türkmen-britan bilim hyzmatdaşlygyny berkitmegiň möhüm tapgyry boldy.
Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew, 2025-nji ýylyň Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigini belledi. Şeýle hem, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilmegi ýurduň durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýändigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda 2024–2025-nji ýyllar aralygynda bilelikdäki taslamalaryň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şol sanda:
-Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara reýtinglerindäki ýokary görkezijileri (THE Impact Rankings 2024, UI GreenMetric World University Ranking);
-Merkezi Aziýada iňlis dilini okatmagy kämilleşdirmek boýunça «Accelerating English Language Learning in Central Asia» taslamasynyň çäginde häzirki zaman okuw usullary boýunça üstünlikli geçirilen okuw-seminarlary;
-Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy uniwersitetleri bilen geçirilen onlaýn maslahatlar.
Britan wekiliýeti Türkmenistanda "British International University"-ni döretmek boýunça taslamalary we London Uniwersitetiniň baý tejribesi barada giňişleýin maglumatlary hödürledi. British Education Network platformasy we London Uniwersitetiniň tejribesi dünýäniň 40 ýurdunyň 100-den gowrak hyzmatdaş guramasy bilen işleşýän, 17 abraýly kolleji öz içine alýan, mundan beýläkki hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin berk esas bolup hyzmat edýär.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu başlangyçlaryň bilim ulgamynda bilim we tejribe alyşmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny hem-de hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigini nygtadylar.
ORIENT