Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystany BMG-niň Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen gutlady
11.03.2025 | 10:10 |Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa we Owganystan üçin Durnukly ösüş maksatlary boýunça sebit merkezi” atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilendigi mynasybetli Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe gutlag ýollady.
TDH-niň habar berişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow öz gutlagynda häzirki döwürde köpugurly strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykan iki döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan şahsy goşandy üçin Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi:
— Häzirki döwürde biziň gatnaşyklarymyz köpugurly strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykdy. Türkmen-gazak hyzmatdaşlygy ugurlaryň örän giň toplumy boýunça ösdürilýär. Iki ýurduň halkara giňişlikde ýakyndan syýasy-diplomatik özara hyzmatdaşlygy onuň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda we şu mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň bitarap daşary syýasat ugruny, onuň Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny pugta we üýtgewsiz goldaýandygyňyz üçin Size minnetdarlyk bildirmek isleýärin.
Biziň ýurdumyz hem, öz nobatynda, Gazagystanyň halkara ähmiýetli tekliplerine hemişe hormat bilen garaýar, olary dünýäde öňe sürmäge işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenistanda gazak diplomatiýasynyň nobatdaky ýeňşi – Gazagystan Respublikasynyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa we Owganystan üçin Durnukly ösüş maksatlary boýunça sebit merkezi” atly Kararnamasynynyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky habary buýsanç hem ruhubelentlik bilen kabul etdik.
Türkmenistanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de Gazagystanyň halkyny bu möhüm taryhy waka bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Depginli ösýän we täzelenen Merkezi Aziýany döretmek, Owganystana hemmetaraplaýyn goldaw bermek maksady bilen sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen bu Kararnamanyň şeýle işlere Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagy üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýaryn. Bu resminamanyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýa tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen ýylda kabul edilmegi guwandyryjydyr. Biz munda aýratyn manyny, Türkmenistanyň we Gazagystanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çägindäki bilelikdäki hereketleriniň sazlaşykly, utgaşykly ugruny görýäris.
Hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç, ýene-de bir gezek biziň gutlaglarymyzy kabul ediň
Size berk jan saglyk, döwlet we halkara işleriňizde uly üstünlikleri, Gazagystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.