Lipeskiň söwda-senagat edarasynyň prezidenti Aşgabatdaky IFT 2025 forumynda Russiýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk eder
11.03.2025 | 11:05 |Ozal habar berşimiz ýaly, 18-nji martda Aşgabat şäherinde “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2025) atly ilkinji Halkara forum geçirilip, ol 26 ýurtdan 200-den gowrak wekilleri ýygnar. Çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, daşary ýurt maýadarlary, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ykdysadyýet we innowasiýa bilermenleri gatnaşar.
Forumda Russiýanyň wekiliýetine Lipeskiň söwda-senagat edarasynyň prezidenti we “Lipesk oblastynyň Eksporty goldamak merkezi” awtonom täjirçilik däl guramasynyň direktory Anatoliý Golsow ýolbaşçylyk eder. Şeýle-de, rus tarapyndan RF-iň Daşary işler ministrliginiň, Ykdysady ösüş ministrliginiň we Russiýanyň Senagat söwda ministrliginiň wekilleri gatnaşar. Golsow Rus-Türkmen işewürlik geňeşiniň başlygynyň orunbasary bolmak bilen, rus işewürliginiň bähbitleri we söwda-senagat edaralarynyň ulgamlary bilen tanyşdyrar.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň hususy böleginiň esasy ösüş ugurlarynyň, ykdysadyýetiň strategiki taýdan möhüm pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşrydylmagynyň hem-de maýa goýumlaryň çekilmeginiň ara alyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär. Gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de işewürlik üçin täze mümkinçilikleri döretmek meselelerine hem gararlar.
Şeýle-de okaň: IFT 2025: Halkara maýa goýum forumy öňdebaryjy kompaniýalary çeker