Iň täze habarlar

Tatarystanda gar barsyny goramak boýunça halkara maslahaty geçiriler

11.03.2025 | 06:00 |
 Tatarystanda gar barsyny goramak boýunça halkara maslahaty geçiriler

13–15-nji mart aralygynda Tatarystanyň paýtagty Kazanda (Russiýa Federasiýasy) «Dünýäde gar barsyny öwrenmek we gorap saklamak» atly halkara maslahaty geçiriler. Oňa gar barsyň ýaýran ýurtlaryndan wekiller gatnaşar. Olaryň hatarynda Butan, Hytaý, Hindistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Nepal, Pakistan, Täjigistan, Özbegistan, Owganystan we Russiýa bar.

Maslahat Tatarystan Respublikasy we Sebitara Birleşiginiň «Irbis» – gar barsyny öwrenmek we gorap saklamak merkezi tarapyndan, Russiýanyň Tebigat ministrliginiň goldawy bilen gurnalýar.

Maslahata ýurtlaryň hökümet wekilleri, maslahata gatnaşýan ýurtlaryň we Russiýanyň tebigaty goramak edaralarynyň ýolbaşçylary, ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary, ýokary derejeli alymlary, şeýle hem biodürlüligi gorap saklamak çärelerine goldaw berýän işewürlik kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar.

Gar barsy ýa-da irbis dünýäniň iň gizlin we iň az öwrenilen ýabany pişikleriniň biridir. Häzirki wagtda ol doly ýitip gitmek howpunyň astynda. Häzirki wagtda Russiýada bary-ýogy 87 sanysy bar.

«Russiýaly hünärmenler bilen bilelikde daşary ýurtly bilermenler tejribe alyşarlar we giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar: irbisi öwrenmegiň we goramagyň innowasion usullary, görnüşiň häzirki howplary we olaryň öňüni almak çäreleri, serhetara toparlaryň gözegçiligi, döwlet-hususy ýörite hyzmatdaşlygynyň biodürlüligi saklamaga goşandy, ýabany haýwanlaryň ýaşaýan ýerlerindäki ýerli ilat bilen arkalaşygyň häzirki usullary, tebigaty goramak işlerine meýletinçileri çekmek we beýleki möhüm meseleler» diýip, Roszapowedsentr habar berdi.

Maslahatyň netijesi hökmünde gar barsyny gorap saklamak boýunça esasy maslahatlary we çözgütleri öz içine alýan Kazan rezolýusiýasy kabul ediler. Kazanyň maslahat geçiriljek ýer hökmünde saýlanylmagynyň sebăbi gar barsy Tatarystanyň nyşanydyr. Respublika bu seýrek jandary gorap saklamaga uly üns berýär. Tatarystanyň ýolbaşçysy Rustam Minnihanowyň başlangyjy bilen «Gar barsy» – biologik dürlüligi saklamak merkezi döredilýär.

Her ýylyň 23-nji oktýabrynda gar barsynyň Halkara güni bellenilýär. Bu baýram 2013-nji ýylda Bişkekde geçirilen gar barsy goramak boýunça Bütindünýä forumynyň netijesinde döredildi.

ORIENT

Foto: www.globallookpress.com

Şeýle hem okaň: