Iň täze habarlar

Aşgabatda zenanlaryň diplomatiýadaky we parahatçylyk gurmakdaky orny ara alnyp maslahatlaşyldy

10.03.2025 | 16:25 |
 Aşgabatda zenanlaryň diplomatiýadaky we parahatçylyk gurmakdaky orny ara alnyp maslahatlaşyldy

«Zenanlar diplomatiýada halkara hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we durnukly ösüşi ilerletmekde möhüm orun eýeleýärler», – diýip, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Aşgabadyň BMG-niň öýünde geçirilen «Häzirki zaman diplomatiýasy: zenan liderler bilen gepleşik» atly panel duşuşygyny açdy. Bu çäre Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, BMG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň guramagynda geçirildi. Duşuşyk diplomatiýa ulgamyndaky zenan liderleri, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekillerini, telekeçi zenanlary we ýaşlary jemläp, zenanlaryň diplomatiýada, parahatçylyk gurmakda we liderlikdäki ornuny açyp görkezmek maksadyna hyzmat etdi.

Panel diskussiýasynyň gatnaşyjylarynyň hatarynda: ÝUNISEF-niň wekili Jalpa Ratna, ÝB ilçisi Beata Peksa, Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat, ÝUNESKO-nyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa bar.

10032025-rol-zhenshchin-v-diplomatii (2).jpg

Diskussiýanyň dowamynda diplomatiýada hünär ýoluny guramak, liderlikde ýüze çykýan kynçylyklary ýeňip geçmek we zenanlaryň parahatçylyk gurmakdaky roly ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar öz tejribeleri, kynçylyklar we gazanan üstünlikleri bilen paýlaşyp, ýaş zenanlary halkara gatnaşyklar we diplomatiýa ugurlarynda hünär ýoluny gurmaga höweslendirdiler. Çäräniň dowamynda dolandyryş ulgamynda gender deňligini üpjün etmegiň we inklýuziw, durnukly hem-de parahat gelejek gurmak üçin bilelikdäki tagallalaryň ähmiýeti nygtaldy.

Dünýä liderlikde we karar kabul etmekde gender deňligine ýetmäge ymtylýan wagty, bu diskussiýa zenanlaryň diplomatiýadaky hukuklaryny giňeltmegiň möhümdigini görkezdi. BMG-niň Türkmenistandaky edarasynyň metbugat beýannamasynda «Zenanlaryň sesini has hem güýçlendirmek we halkara gatnaşyklarda olara has giň mümkinçilikleri döretmek bilen, BMG zenan liderligini goldamagy we has adalatly, deňhukukly dünýä gurmakda olaryň ornuny berkitmegi dowam etdirýär» diýlip bellenildi.

10032025-rol-zhenshchin-v-diplomatii (3).jpg

ORIENT

Foto: BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy

Şeýle hem okaň: