Iň täze habarlar

ÝOM-iň talyplary Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli makala ýazmak bäsleşigine çagyrylýar

10.03.2025 | 18:25 |
 ÝOM-iň talyplary Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli makala ýazmak bäsleşigine çagyrylýar

Aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, ÝOM-niň talyplarynyň arasynda «Bedew — ynsanyň syrdaşy, uçar ganaty» atly makala ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.

Döredijilik bäsleşigine talyplaryň (her makalanyň 1 awtory bolmaly) öň hiç ýerde çap edilmedik makalalary elektron görnüşde «Bedew — ynsanyň syrdaşy, uçar ganaty» atly makala ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen tohu_hakaton@mail.ru salgysyna ugradylmalydyr. Ýazylan makalalar publisistik žanryň talaplaryna laýyk gelmelidir.

Bäsleşige her ýokary okuw mekdepden gatnaşyjylaryň sany çäklendirilmeýär. Gatnaşmaga isleg bildiren awtor baradaky maglumatlar (bäsleşige gatnaşýan talybyň okaýan ýokary okuw mekdebi, fakulteti, hünäri (taýýarlyk ugry), ýyly, öýjükli ykjam el telefonynyň belgisi) makalanyň ahyrynda doly görkezilmeli.

Makalalar 2025-nji ýylyň 10-njy apreline çenli kabul edilýär.

Bäsleşigiň netijeleri baradaky maglumatlar Türkmen bedewiniň milli baýramynyň toýlanylýan günlerinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň resmi web saýtynda (tohu.edu.tm) ýerleşdiriler.

Bäsleşigiň jemi boýunça Baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar kesgitlener. Ýeňijilere Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Habarlaşmak üçin 34-26-80 belgili telefona jaň edip sorap bilersiňiz.

Giňişleýin maglumatlar bilen TBM-niň web sahypasynda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT

Foto: turkmenmetbugat.gov.tm

Şeýle hem okaň: