Iň täze habarlar

Ýokary synp mekdep okuwçylary üçin ders bäsleşigi yglan edildi

10.03.2025 | 18:10 |
 Ýokary synp mekdep okuwçylary üçin ders bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ýyly mynasybetli orta mekdepleriň 10-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda “Bilim-üstünlige eltýän ýol” atly ders bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşik Matematika, Fizika, Himiýa we Biologiýa dersleri boýunça 2 tapgyrda geçiriler. Bäsleşigiň 1-nji tapgyry telebäsleşik görnüşinde teleýaýlymyň üsti bilen SMS ulgamy arkaly turkmentw.gov.tm web sahypasy arkaly geçiriler.

Sowallar test görnüşinde bolup, 60 sowalyň 50-sine dogry jogap beren okuwçylar bäsleşigiň 2-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanar. Bäsleşigiň jemleýji final tapgyry oňa gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylara ýörite SMS ugradylar we şahsy gatnaşmaklary esasynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

Bäsleşige 2024-2025-nji okuw ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň guramagynda degişli ders boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri, döwlet derejesinde geçirilen ders bäsleşikleriniň jemleýji tapgyrlarynyň ýeňijileri, Bilim ministrligi tarapyndan saýlanyp degişli dersler boýunça halkara bäsleşiklere iberilen ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň agzalary birinji saýlama tapgyryna gatnaşmazdan ikinji final tapgyryna gatnaşyp bilerler.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan diplomlar we höweslendiriji sylaglar gowşurylar.

Bäsleşige hasaba alynmak üçin 0530 gysga belgisine S25 kodyny ugradyp bilersiňiz!

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

Türkmenistanyň Bilim ministrligi - 44-85-42;

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Mahabat” müdirligi: 44-24-97.

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: